3 minut alar
Ylýas Amangeldi - Üç nokadyň biri - romandan parçalar #2
◇...Çünki, bir gün artyk ýaşap bilse, ynsana eden günälerini ýuwmaga bir günlük mümkinçiligi artýar. ◇ Ol ömründe birinji gezek özüni biriniň daýanjy diýip duýdy.Bu duýgy ony ýigitlikden çykaryp uly adama öwren ýaly boldy. ◇ Emma dişler adam garradygyça azalsa-da, aňyrsyndaky dili saklamaga has berkarjaň bolýarlar.Saç-sakalyň agy köpelip, başalar çalardygyça, huşuny ýitirse-de syryna berk bolýarlar. ◇ Gara Durmaz aglaýan ogluny diňdirmezlige-de dözüp bilip, aýalyndan hem günbe-gün sowaşýandygyna begenýärdi.Ol muňa dogrudyr diýip düşünýärdi.Hakyky erkek adam şeýle bolmalydyr…