2 minut alar
Lezzetli naharlar.
Salam hemmäňize, bu ýerde menem türkmen tagamlarynyň bişiriliş usullaryny paýlaşmak isleýärin. Bu gezek diňe birki sany naharlaryň taýýarlanylyşyny ýazmak isleýärin. Indiki gezek bolsa işdäaçarlaryň görnüşini paýlaşaryn. Ilkinji naharymyz bolan: 1. Saçda bişirilen jüýje: Taýýarlamak üçin 1 sany jüýje, 20 gram gaýmak, 20 gram mesge ýagy, 1 düýp sogan, 2 çemçe pomidor goýaltmasy (tamat), 4-5 sany sarymsak dişi, islege görä duz, burç. Taýýarlanylyşy: Arassalanan jüýjäni döş tarapyndan ikä bölmeli. Duz sepip gaýmak çalyp, gyzgyn tabada iki…