2 minut alar
Matematiki sofizmler
Sofizm näme? Matematikada öwrenmesi gyzykly hem gözbagçylyk hökmünde ulanmaga amatly temalaryň biri hem sofizmler, meniň hem gowy görýän temam. Matematika bilen gyzyklanýan boluň, bolmaň bu siziň ünsüňizi çeker diýp umyt edýän. Göräýmäge dogry, emma aslynda bilgeşleýin toslanan, logika ters gelýän pikire (netije çykarma) sofizm diýilýär. Adatça, matematiki sofizmlerde gizlin ýagdaýda gadagan edilen amallar (meselem, nola bölmek,otrisatel aňlatmadan jübüt derejeli kök almak we ş.m.)ýerine ýetirilýär ýada düzgünleri, formulalary ýada teoremalary ulanmagyň şertleri göz öňünde tutulmaýar. Käbir…