3 minut alar
Pedagogika we psihologiýa sertifikaty bilen mugallym bolup bolýarmy?!
Adamkärçiligiň hatyrasy üçin siziň bilen bir hakykaty paýlaşmakçy. Uzak ýyllar bäri Magtymguly adyndaky TDU-nyň "Gözleg" ylym-bilim merkezi möhletli okuwlaryň arasynda "Amaly psihologiýa we pedagogika" okuwlary hödürläp gelýär. Bu okuwa köpler ýaly menem ýazyldym, gatnadym we sertifikaty aldym. Maňa gaty kän peýdasy boldy. Köp zat öwrendim. Ökde professor-mugallymlar bilen tanyşmak nesip etdi. Maksadym inžinerlik diplomym bilen mekdepde mugallym bolmakdy. Diňleýjileriň hemmesiniň pikri şeýledi. Ýagny pedagogiki ugur gutarmadyk bolsaň, şu 3 aýlyk okuwa gatnap alan sertifikatyň bilen…