12 minut alar
Men söýermen göwnüm üçin
Hawa, nähili düşünsegem, bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda Şährişemistan diýen bir şäher bar eken. Bu şäheriň owadanlygy belent-belent binalarynda bolman, şol binalaryň mähir bilen gurulanlygynda eken. Jaýlaryň diwarlary kerpiçdenem däl, betondanam däl, mähirdenmiş. Düşegi aýnadan ýasalan köçeler ýöremäge şeýle rahatmyş. Maşynlar onuň ýüzünde edil suwda akan ýaly akyp barýarmyş. Aýna köçeler döwülmez eken, jaýrylmaz eken, öwrülmez eken, kesişmez eken. Adamlaryň ýanyndan gara kölegeleri däl, öz aýdyň şekilleri aýrylmaz eken. Şol şekillerden adamlar…