3 minut alar
SOŇKY SARGYT (Rowaýat)
Gül ýaly gyzjagaz, eýjejik çaga, Ulag kakyp, duçar boldy pajyga. Beýni sarsyp, garaklary gapyldy, Göz öňüne gara perde ýapyldy. Ýogsa galan ýeri tut dek sagatdy, Näbine gyzjagaz şeýle betbagtdy. Körpelikden bäri gedemje kalby Indi oňa zyndan etdi jahany. Kemsinmekden ýaňa ýanyp-jowranyp, Ýaşap ýördi öz-özüni ýigrenip. Gatnaşýany ýokdy deňi-duşunda, Diňe bir oglanjyk perwaz daşynda. Bolsa-da ol gyzdan iki-üç ýaş kiçi, Şoldy ýalňyz tesellisi, daýanjy. Duýup oglanjygyň mähir-yhlasyn, Gyzam oňa ysnyşýardy ýylsaýyn. Şeýdip olar ulaldylar, ösdüler, Juwanlyk…