14 minut alar
Ylham
Ylham (hekaýa) Soňky döwürler onuň hiç ynjalygy ýok. Näme bolýanyny aýdar diýen umyt bilen ýygy – ýygydan bolmasa-da, eslije wagtlap aýna seretmegi çykardy. “Gözüňe – başyňa döneýin, dillen ahyryn” diýip, ol süňklek çekgelerini sypaýar, ýöne nähilidir bir gorky bilen sypaýar. Onuň hanasyndan çykaýjak bolýan gözlerinden çen tutup, bu gorkynyň gitdigiçe artýandygyny duýmak mümkin. “Beýtme ahyryn, beýder ýaly meniň ýazygym näme?” diýen wagtynda gartaşan bolsa-da, entek güýç – gurbatynyň ýerindedigi agajet göwresinden bildirip duran erkek adam…