3 minut alar
TAPAWUTLAR
Men ýaş wagtlarymda goşgudyr hekaýajyklar ýazan bolýardym. Aý näme olam ýuwaş yuwaş galdy. Öýlendik, çagajyklarymyz kemala geldi, olary okadyp ýetişdirjek bolup ömrümiziň ýarysyny başagaýlykda geçirdik diýen ýaly. Meniň iki sany oglum bar. Biriniň ady Seýdylla beýlekisi bolsa Abdylla. Aralary ýalňyşmasam iki ýaş bolmaly ( häzir keýwanydan sorasam “Waýýý kakasy şonam bileňokmy?” diýip igenjegini bilýärin). Bäş barmagyň bäşisi hem deň bolmaýşy ýaly bu ikisi hem başga häsiýetlere eýe. Seýdylla biraz keýpi gowy görýär özem ýaltarak, Abdylla…