5 minut alar
Sag gözüm çep gözüme mätäç
Ber bereketiň artsyn diýdik. Emma berere mätäç barmy? Bu makala mätäçlik hakynda. Onda-da uly mätäçlik hakynda. Dünýämizi aýlap duran mätäçlik hakynda. Beýik Pyragyň «Sag gözi çep göze mätäç eýleme» diýen meşhur setirini bilmeýän türkmen az-az bolsa gerek. Menem goşga düşünelim bäri bu setiriň, tutuş şol goşgunyň aşygy. Mundan soňraky aýtçaklarym Beýik akyldar şahyryň bu sözleri bilen sazlaşykly gitmeýän ýaly görünmegem mümkin. Gurbannazar Ezizow «Men nire, sen nire eziz Pyragy!» diýip ýazypdy. Biz bolsak «Men nire,…