3 minut alar
Ylýas Amangeldi - Üç nokadyň biri romandan parçalar #1
Google-dan alyndy ◇ As-Samat başyňa şeýle bir pursat geler, gudratyň döreden gudratyny däl-de, hut onuň özüni görersiň.Gudraty görersiň.Ol ýangyndan soň küli görmek däldir.Ol hut oduň özüni görmekdir, ýalynyň howruny teniň bilen syzmak däl-de, alawlap ýanmakdyr... ◇ Kitap göçüriji hatdatyň näçeräk sahypa ýazanyny saldarlap görşi ýaly, ol köpi geçen ömrüniň sahypalaryny aňynda hasaplap gördi.Bu oňa birbada süýji duýuldy.Bu süýjülugiň nämedendigini düşündirmek kyndy.Ýaşyň elliden geçip, bärden aňryň golaýdygyny duýmakda näme süýjülik bolup biler? Mümkin, şonça ýyly arka…