4 minut alar
Juma aga we men / hekaýaň dowamy
*** Şol ümmülmez birsyhly galagoplugyň gursagynda-da Juma agaň mylaýymdan mähirli labyz bilen gürrüň berýän, mylakatdan, sadalykdan, düşünmekden dyňzap duran jümleleri hiç janyma batmady. Sebäbi olaram täzelik däl. Sebäbi olaram gözleýänimi tapyp bermeýär. Içki kösenjimi ahyrlar ýaly, “belaň körügini” “barmak dürtüp” görkezmeýär. Kanagatlandyranok. Jahyl çürt-kesikligi, gögele “ýa eýläk, ýa beýläk” dardüşünjeliligi bilen möwç urýan göwün, bu wagt hemme zady diňe inkär etmegiň hatyrasyna inkär edýär – aklyň, sowukganlylygyň, tarapgöýsüz mantyga laýyklygyň dynnymça düşnügem ýok, bu däli…