4 minut alar
2024-2025ý, aýdyňlanma...
Salam! Ömrümiň ýene bir 365 güni geçip gitdi, öňümde ýene näçesi bar bir Allah bilýär. Kän bolsa gowumy ýa-da az, men-ä entäk çözmedim. Haýyrlysy... Geçdi birgiden wagt, sanasaň kän ýaly emma duýulanda welin, sanalgyja ýatlamalaryň toplumy ýaly. Wagt, ýaradylyş, ýaşaýyş - gaty täsin zat, akyl ýetirerden çylşyrymly, düşünerden gaty sada. Adam we adamzat, olam şolar ýaly, akyl ýetirerden çylşyrymly, düşünerden gaty sada. Isleg, talap, zerurlyk, borç, mejburyýet, erk, yrada, hökmanylyk, tötänlik, bagt, şowlulyk, ýazgyt, kysmat,…