2 minut alar
Iñ ýakyn we wepaly dostumyz/ ýa-da iñ ýakyn dostuñyza erbetlikleri rowa görersiñizmi?
Biziñ iñ wepaly hakyky dostumyz bar diýeliñ. Hatda "Diýeliñ" diýip diñe oý-hyýalymyza getirmäliñ. Ol aslynda hakykatdan hem bar. Ene-ata, Watan, kitap...ýaly dostlar kelläñize gelmegi mümkin, olaryñam aýratyn orny bar, ýöne meniñ diýýänim başgaça. Ol ene-atadanam, kitapdanam, deñ-duş dostlaryñdanam has ýakyn dost. Ol bir derde duçar bolsañ, ene-atañdanam beýleki dostlaryñdanam öñ derdiñi duýýan, hiçkim saña düşünmedik wagty saña düşünýän, elmydama seni goldaýan, nähili ýagdaý bolsa-da seni terk etmeýän dost. Heý şeýle-de dost bolarmy diýip ylalaşyp bilmeýän…