2 minut alar
Özüni mata ýaly duýýan gyz
(hekaýa) - Iň gowusy maňa eliňizem, diliňizem degirmeseňizläň, gelineje! - Men nä biläýin gyz, suratlarda gaşsyz ýaly bolup duraňsoň biraz reňkläýjekdim... - Reňklemäň! Nä size sypatymdan zeýrendimmi?Ýa gelýän-gidýänler, soraýan-ideýänler, gyzyňyzyň gaşy hilal, ýöne biz galyň gaşlylary halaýas diýäýýämi? *** Maňa indi ullakan gyz bolupdyr diýýäler. Gowy gyz diýýämişler, temek diýýänlerem barmyş. Garaz birgiden myş-mişler. Ýöne men özümi soňky wagtlar mata hasaplaýan. Hamala kimdir biri meni nätanyş ülkeden, köne döwürden getirip, öýi elmydama akan-dökän bolan tikinçiň…