Gyz

Meniň hem dünýägaraýşym wajyp

Türkmenistana gidip gelenimden soň özümi duýşum şeýle bir erbetdi, ýöne köplenç özümi erbet duýanymda ýagdaýymy düşündirip bilmeýşim ýaly, bu gezegem nämäň “ne to”-dygyny, we nämäň meni şeýle agyr basýanyny kesgitläp bilemedim. Bedenimde bu duýgyny gowy yzarlap bolýa, ýöne sözlere salyp bolanok. Sözlere salyp bolmansoňam doly aň ýetirip bolanok. Garaňkyda sermeläp ýörmek ýaly sebäbinem sermeläp gözlemeli bolýar. Eger kinaýalap (obrazlap) aýtsam, men özümi kiçijek, güýçsiz duýdum. Meniň durmuşym, kararlarym we hereketlerim meniň ygtyýarymda däl ýaly. Men…

Edepliligiñ derjeleri barmy?!

Bir wagtlar—ürç edip ýaşlyk depder tutulýan döwri(5-7 klas aralyk bolsa gerek) menem özümçe bir depder tutunypdym: “Danalardan dürdäneler”. Oňa esasy okamak hakynda, edep hakynda we ş.m zatlar göçüren bolardym. Oňa ýadygärlik hökmünde ýazgy ýazdyrmazdym.Özümem hiç kimiň depderine ýazmazdym. Ýöne ynjytmazlyk şerti bilen okamaga beren gezeklem bolupdy. Şol wagtlar men eýýäm özümi edepli bir şahs hasaplaýardym. Ene-ata ýygnagynda mekdep müdiri: “Sagbol, gaty gowy gyz ýetişdiripsiň”—diýip, ejemiň arkasyna kakanda ýolboýy gözünden boýur-boýur ýaş akyp gelendigini indi-indiler gürriň…

Edepliligiñ derjeleri barmy?!