Gurbannazar Ezizow

G.Ezizowyň aýalyna ýazan haty

Salam, Hally! Hatyň gelmänkä birdim, emma gelensoň iki boldum: birim-ä oturyp şu haty ýazýar, ikinjimem çagalaň arasynda gezip ýör: Sähragül:,,Hany getiren sowgadyň?" diýýär weli, ikinji:,,Sowgat getirmeli Ýalta şäherinde ýapyrylyp (ýazyp) ýatyr" diýýär.Sähragülüň bu zatlara düşünjek gümany barmy? Ýüzüni turşardyp, beýleki tama gidýär. Seniň beýle hatlary ýazyp bilýäniňi bilen bolsam, men ýörite hat ýazyşmak üçin, üç-dört aýlap öýden gitmäge razy bolardym. Saglygyňyzy eşidip, gaty begendim.Atasy üçin çagalaryň hemmesem-ä gowudyr weli, ýöne şu Sährany hasam gowy görýänmi…

G.Ezizowyň aýalyna ýazan haty

Uistleriň çagalary

Adatça suratkeşleriň hersiniň öz ýykgyn edýän temasy bar. Diňe deňzi, diňe daýhanlary ýa-da diňe atlary çekip öten suratkeşler bar. Olaryň käbirleri adam şeklini asla çekmändirler. Tebigatyň keşbini çekmek bilen mübtela bolan meşhur rus suratkeşi Isaak Lewitanyň diňe ýekeje “Güýz güni” diýen eserinde bir zenanyň sudury bar, ony hem suratkeşiň dostlary çekipdirler. Emma munuň tersine-de bolup bilýär. Amerikan suratkeşi Jeýms Makneýl Uistler (1834-1903 ýý.) turuwbaşdan adamsyz surat çekip bilmeýär eken. Şonuň üçinem 1854-nji ýylda onuň harby…

Uistleriň çagalary