3 minut alar
Damja 5 – Umman gary
Üýşüp ýokary galmana dowam etdik. Indi hasam ýagtylypdy töwerek. Her hili balyklar, akulalar, meduzalar gördük. Diýseň gyzykly geçdi. Ýene biraz ýüzüberdik welin suwuň ýüzüne ýakyn ägirt giň ýaşyllyk gördük. -Baýbowww bularyň owadandygyny – haýranlygymy gizlejek bolup durmadym. Bilgirjämiz haýran galanymy görüp ýene bat alyp gürläp başlady. -Bulara fitoplankton diýilýär. Öňler birnäçesi bilen duşuşypdym gaty mylaýym jandarlar. Ýagty bilenem aralary gowy bularyň haçan görseň suwuň ýüzüne golaý. Bu sözler meniň ünsümi çekipdi. Kim ýagta has golaý…