2 minut alar
Galamymmm
Galamymmm, depderimm, telefonymmm… Eýeçiligmize garşy çykmajak zatlara -ymm, -imm, diýmek nähili aňsat. Diňe ýönekeý zatlary pikirlenseň -ym, -im goşulmasyna eýelik düşüm diýmegem manyly gelip dur. Galamyň “pul töläniň bilen men seňki bolamok, pylan hili ýazgylary ýazmasaň hasap däl” diýjek aladasy ýok. Ýöne has çylşyrymly, has gadyrly zatlary hasaba alyp başlasak mesele başgaçarak boluberýä. Ejemm, gelnim, adamym, çagam. Biz bularyň hiçisiniň eýesi däl. Ýöne -ym, -im goşulmasyny goşup boljak derejede bize “MEN”e bagly zatlar. Belkem menlik…