4 minut alar
Terbiýe nirede başlanýar?
Etika - terbiýemi ýa medeniýet. Adam hemişe beýleki adamlar bilen kontaktda, gatnaşykda ýaşamaga mejburdyr. Dostluk, söýgi, iş, söwda, garyndaşlyk we ş.m. onlarça görnüşli gatnaşyklar biziň durmuşymyzyň özenini tutýar. Başga jandarlardan tapawutlylykda adam çagasy diňe jemgyýetde adam bolup ýetişýär. Ýagny bu, keýigiň çagasyny sürüden aýranyň bilen ol iňsoňy keýik bolup ýetişýär diýildigidir. Emma adam beýle däl. Biz öz jemgyýetimizi agzymyzyň ýetişdiginden ýamanlaýas. Goňşularymyz erbet, aýallarymyz gybatçy, erkekler ownukçyl, çagalarymyz terbiýesiz, gaýynlar ýaman, gelinler ýalta we ş.m.…