Düwünmek

Düwünýän Adama Ilkinji Kömek

Adaty bir gün. Ýene giç oýandyňyz we bilelikde ýaşaýan dostlaryňyz bilen gyssanyp ertirlik nahary üçin garbak-gurbak edinýäňiz. Gyzykly gürrüň hem gidip dur we ondanam galmak isläňizok. Ine kelläňize gowy aýdyljak birzat geldi we agzyňyz naharly wagty ony aýtmak üçin agzyňyzy açdyňyz – ýöne ses çykmady. Ses çykmasyn welin, ýöne howada gelmedi. Eýwaý, nämeler bolýar? Ýene bir synanyşdyňyz, üýtgän zat ýok. El hereketleri bilen dostlaryňyza düşündirjek bolýarsyňyz, kömek soraýarsyňyz. Olar bolsa näme etjegini bilmän aljyrap durlar.…

Düwünýän Adama Ilkinji Kömek

Düwünýän Çaga Ilkinji Kömek

Geçenki makalada düwünýän uly adama nähili kömek etmelidigini öwrenipdik we soňunda öwrenen zatlarymyzyň çagalar üçin ulanyp bolmaýandygyny belläp geçipdim. Ynha, indi bolsa birlikde düwünýän çagalara nähili görnüşde ilkinji kömek berip bilýändigimizi göreliň. Uly adamlardan tapawutlylykda, çagalar köplenç iýmit bilen dälde agyzlaryna salýan kiçi jisimleri, obýektleri bilen düwünýärler. Esasan hem 1-5 ýaş arasy çagalar üçin eline alan jisimlerini agyzlaryna salmak tebigy bir ýagdaýdyr we beýle hereketleriniň üsti bilen olar daşky gurşaw, dünýä bilen tanyşýarlar. Şonuň üçin…

Düwünýän Çaga Ilkinji Kömek