Dünýä Edebiýaty

Wah / hekaýa

WAH –Sizi dogumly, gaýratly ýazyjy diýýärler... şol çynmy? – Has dogrusy, şonuň ýaly bolmak isleýärin. –Kimdir birini söýdüňizmi, ondan aýryldyňyzmy... Ýandyňyzmy? –Hawa... –On sekiz ýaşanlara bir nesihat berseňiz... "Sagadatyň" redaksiýasynda bolan gürrüň. *** Gapy açylyp, ýüzi soluk zenan baş sokdy: –Mümkinmi? –Giriň!– diýdim. Otaga göz gezdirip, diwanyň ýanyndaky kürsä oturdy. Kosmetika ulanmagy başarmaýandygy bildirip durdy. – Bagyşlarsyňyz, wagtyňyzy alaryn. Seýit Ahmediň ýanyna gelipdim, ýok ekeni... –Sizi diňleýärin– diýdim. –Şükür aga, meň başyma bir kynçylyk düşdi.…

Wah / hekaýa

Meşhurlaryň durmuşyndan henekler

MEŞHULARYŇ DURMUŞYNDAN HENEKLER Günlerde bir gün Bernard Şou atly gezelenje çykýar. Ençe wagt ýöränsoň ýolda sataşan bir adama ýüzlenip: — Gardaş, şul aty jylawundan tutup durmagyňyzy haýyş edýärin, men derrew poçtahana girip çykmaly. — A-how, näme diýýäňiz, jenap? Men parlament agzasy ahyryn. — Daş sypatyňyzdan, ynsaply adama meňzeýärsiňiz. Bolýar, töwekgel, men size ynanýaryn. *** Lessing ünsizligi bilen tanalýardy. Günlerde bir gün öýüne gijäniň ýarymynda dolanýar, gapyny kakýar, içeriden: — Jenap professor öýde ýok— diýen jogap…

Aýdymçy we şahyr / satiriki hekaýa

AÝDYMÇY WE ŞAHYR "Haýyş, bu goşgy meňkidigini hiç kim bilmesin" Ylhamy üç-dört kitaby çap edilen ýaş, höwesli şahyr. Özüne ýaraşa muşdaklary hem bar. Günlerde bir gün şahyryň öýüne jaň geldi, jaň edýän bir gyzdy: — Adym Nargizka, aýdym aýdýan. Meşhur bolasym gelýä. Maňa bir sany bet goşgy gerek. Ony sizden haçan alyp bilerin? Ylhamy aljyraňňylyga düşdi. Dogrusy onuň özem goşgularynyň aýdym bolmagyny isleýärdi. Bu meşhurlyga tarap ädilen ahmiýetli ädim boljakdygynam bilýärdi. Üstesine Nargizkaň birki sany…

Aýdymçy we şahyr / satiriki hekaýa

Gülki ummany / saýlanan degişmeler

DERT BOLAN DÜÝŞ Bir adam psihologa derdini aýdýar: — Wah agam, her gije düýşümde nähili dertler çekýänimi, nähili ajal derlerini dökýänimi bir bilsediňiz… Psiholok: — Pygamber ýorgudy bolsun Inşallah. Düýşüňizde nähili zatlary görýärsiňiz?. Adam aglamjyrap jogap berýär: — Näme, nämeler… Zyýapat, tans, aýdym-saz, içgiler. Her dürli, aňry baş iýmitler, garaz her zat bar-da… Içhä-iç, çalha-çal… — Ajaýyp, mundan başga näme isleýärsiňiz? Käşkä menem her gije şular ýaly zyýapatly düýşler görsem, başga näme isläp bilerin. Adam…

Gülki ummany / saýlanan degişmeler

Kireýne jaý gözlenýär / satiriki hekaýa

KIREÝNE JAÝ GÖZLENÝÄR Gyş gelip, aňzak sowuk hökmürowanlyk edip başlansoň kireýne jaý gözleýänleriň sany öňküsinden hem köpeldi. Köçelerde biri-birine sataşan adamlar hal-ýagdaý soramaga derek, şeýle diýýärdiler: "Kireýne jaý tapylmazmyka?", "Kireýne jaý gerek, bir otagly bolsa hem bolýar". Kireýne iň bärkisi ýekeje otag hem tapyp bolanokdy , üstesine gyşyň uzyn gijeleri bitmez-tükenmezdi. Gündelik gazediň soňky sahypasynyň burçunda kireýne jaý gözleýänleriň bildirişi çap edilýärdi, soňky wagtlarda çykýan her neşire kireýne jaý gözleýänleriň gysgaça ahy-nalasy çap edilýärdi. "Haýyş,…

Kireýne jaý gözlenýär / satiriki hekaýa

Bylkysyň gozgalaňy / hekaýa

BYLKYSYŇ GOZGALAŇY Konstantin Makowskiniň "Herring dish" eseri "Gussaň gozgalaňa dönmelidir" Ahmet Telli Bylkysy özünden ýigrimi iki ýaş uly daýysynyň ogluna berdiler. Ýüzügi dakyldy. Fatyhasy okaldy. Emma ol islemeýärdi. Ýeke gijede garrajak derejede göwünsizdi. Maşgalabaşylary onuň meýilsizdigine zerreçe hem ähmiýet bermeýärdiler, wagtyň geçmegi bilen başga zenanlar ýaly ýazgydyna kaýyl bolar öýdýärdiler. Çäresizlikden boýun egmeýän barmy. Emma Bylkys hiç kime meňzemeýärdi. Ol säher çagy äht etdi. Hiç kimiň etmäge bogny ysmadyk zadyny etmekçidi. Ýüzügi çykaryp zyňyp, bu…

Bylkysyň gozgalaňy / hekaýa

"Duzak" / Gysga hekaýalar

"DUZAK" GYSGA HEKAÝALAR "DUZAK" Zenan gara pişik kesip geçen ýoldan yzyna dolandy we çatyrykda serhoş sürüji dolandyrýan ýükulagyna gabat geldi... *** ZENAN KALBY Hatyn ärinden öýkeläp ýüzi-gözüni bürüşdirdi. Elindäki gymmat bahaly atyry görkezip: – Özüm almasam, alyp beräýeýin diýäýeňok– diýdi. Äri birnäçe sekunt näme diýjegini bilmän "Wah munyň bahasyna birlaý geýinip boljaga, kyrk ýaşabam bu aýala akyl girmedi, nämä gerekka şul… üstesine öýkelänem bolýar. Indi näme diýsemkam" diýip oýlandy, pikirini daşyna çykmardy. Soňra şadyýanlyk bilen…

"Duzak" / Gysga hekaýalar

Bir söze müň dollardan / dedektiw hekaýa

BIR SÖZE MÜŇ DOLLARDAN… Redaktoryň ady Uorren Juksdy. Boýy belent, barmaklary uzyn, bakyşy agras, saçy çalaryp başlan adamdy. Ol adatdakysy ýaly stolunda, häzirki wagtda ýoň bolan kostýum-balagynda otyrdy. Trewaten onuň garşysynda şu mahal hininden çykan aýy'a çalym edýärdi. Juks ýylgyryp: — Jim otyr— diýdi— Seni görsem elmydama şatlanýan, emma "Täze hekaýa getirdim" diýmäweri. Saňa geň galýan. Hekaýany misli daragty silkip, ýygyp alýan ýaly çalt äkelýäň. Ideýany nireden tapýaň? Menimçe bular ýaly sowallara jogap bere-bere ýadan…

Bir söze müň dollardan / dedektiw hekaýa

Agata Kristi

Agata Kristi Bu makalada dedektiw kitaplar diýilende ilkinji ýadyňa düşjekleriň biri bolan Agata Kristiniň döredijiligi barada okyjylaryň dykgatyna gysgajyk maglumatlary ýetireris. Doly ady Agata Meri Klarissa Miller Kristi Mellowan bolan Agata Kristi (1891— 1976) iňlis ýazyjyşy, dedektiw žanriniň ussady. 85 sany romanyň, 20 sany pýesanyň we köpläp hekaýalaryň awtory. Kristi dedektiw romanlaryndan daşary Meri Westmakott tahallusy bilen birnäçe yşk romanlaryny hem ýazypdyr, emma yşk romanlary dedektiw eserleri ýaly meşhurlyk gazanyp bilmändir. Agata Kristiniň iň gowy…

Agata Kristi

Garry gyzyň ykbaly / hekaýa

GARRY GYZYŇ YKBALY Hekaýa Budilnigiň sesine oýandym. Sagat altyň ýary. Telefonymy ýakdym, gije hiç kim jaň etmändir. Wah, kim maňa gije jaň etsin? Tanyş-bilişler, işdeşler gije jaň etmeýär. El-ýüzümi ýuwup geldim, tikine oturdym. Agşamky sargydy taýýar etmeli, näme-de bolsa bir som, bir som... Maşinkany takyrdatmazlyga synanyp tikip başladym. Gelin giç uklapdy. Bir däl, iki sany kiçi çagasy bar. Ýarym sagat dagy tikdim, howludan sübsäň sesi eşidildi... Sekiziň ýarynda ornumdan turdym. Köýnek taýýar bolupdy. Ýakalary, ýeňleri…

Garry gyzyň ykbaly / hekaýa