Birazajyk

Bagt näme diýseler - Buddha (birazajyk pelsepe 2)

Gadyyym döwürlerde (563-483 b.e.ö) şuwagtky Nepalda owagtlar Lumbini diýen ýerde, gurplyja bir maşgalada gowja oglanjyk ýaşap ýör eken. Bir diýeni iki gaýtalanmaýan, döwrüniñ şertlerine görä maddy ýagdaýy gaty gowy bolan bu oglanjyk bir gün, bu zatlaryñ hiiiiiçisinden lezzet alyp bilmeýändigine göz ýetiripdir. Şeýdip Akyşyñ "bagt näme diýseler, puldur öýtmäñ adamlar" aýdymynyñ sözlerini pikirlenmäne başlapdyr. Yañky oglanjygymyz, Siddharta Gautama, haaas meşhur ady bilen Buddha(ýagtylanan-durmuşy çözüp taşlan diýen manyda), bu barada pikirlenip başlapdyr. Buddha bu keýpleriñ ahyr…

Bagt näme diýseler - Buddha (birazajyk pelsepe 2)

Pikirlenýän, diýmek men bar. Rene Dekart (Birazajyk pelsepe 1)

Pikirlenmegi, pelsepäni halaýan her bir adam barlygy soraga çekmäge çalyşandyr. Her kynçylyga duş gelenimizde "Men näme işläp ýörün?" diýp soramaýanymyz az bolsa gerek. Rene Dekart diýip bir ýaşuly, meşhur fransuz filosofy, näme işläp ýörün diýmändir-de birazajyk öteräk geçipdir. Derdi ulurak bolmalyda, ol özüne "Meñ barlygym bir çynmyka?" diýip sorapdyr. Men barmy? Bu soragyñ jogaby bir bada gaty açyk görünýär. Dagy näme, men bar, biz bar. Ýöne gezek subut etmäge gelende biraz kynlaşýar. Duýuş organlarymyzyñ beýnimize…

Pikirlenýän, diýmek men bar. Rene Dekart (Birazajyk pelsepe 1)