5 minut alar
,,Magtymguly gizlin syryň bar içde"
Näme üçin mistiki edebiýatyň ideýalary syrly? Näme üçin adaty poeziýa garaňda, mistiki poeziýada obrazlylyk, emosionallyk, şahyranalyk agdyklyk edýär? Munuň sebäbi mistiki poeziýanyň işleýän baş obýektiniň real tip däldigindedir. Ol gizlin tip -- Allah'dyr. Allah'yň Özüne, Sypatlaryna akyl ýetirmek üçin adamyň adaty duýuş synalarynyň: ,,göz gulak, dil, el, burun..." geregi ýok. Adam aklynyň hem möhümligi ýok. Çünki Oňa şu aklyň bilen akyl ýetirip bolanok.Yşkyň obýekti bolan bu Gudratly Tipe adamda gizlenip ýatan başga ,,synalar" bilen içki…