4 minut alar
GIJIGEN AÝGYT
“Magtymguly, ne bar içmek-iýmekden? Jan jesetden gider, et hem süýekden; Göz görmekden galar, til hem diýmekden, Tilim tibrinerkän, söýlemäýinmi?” Magtymguly-Pyragydan “Şäherçä kino gelipdir” diýen habar ýaýrandan, uly-kiçi ýüzüne ak mata gerlen bina bakan eňdiler. Ejesiniň köýneginden ýapyşyp barýan kiçijik oglanjyk gök meýdançada ösüp oturan ajaýyp serwi agajyna täsin galyp seredip geçdi. Onuň öňünde täze dünýä açylan ýaly boldy. Kino gidip durka-da oglanjyk jadyly duýgulara batyp otyrdy. Ekrandan ýaňlanýan bir aýdym tomaşyçylary heýjana saldy. Oglanjyk ejesine…