2 minut alar
Gurbannazaryň setirleri haýsylar?
Bu goşgynyň “ýaşy” 50-den geçýär. Ony ýazamda men entek öýlenmändim. Söýüşýänimem ýokdy. Söýgi, öýlenmek diýlen zada-da gaty ýöntem düşünýärdim. Nähili ýöntem? Ýöntem diýýänim söýmek, öýlenmek diýilýän, adamlara nesillerini dowam etdirmek, köpelmek üçin gerekdir diýip hasap edýärdim. Bu ýalňyşam däl. Onuň düýp manysy dogry. Emma düýp manydan öňde ýürek, häsiýet, söýeniň bilen dünýäňi paýlaşyp bilmek diýen ýaly gaty köp meseleler ýatýan eken. Bir gyz göwnüňe ýarady, senem onuň bilen toý edýäň ýaşaşyberýäň däl. Muňa düşünen günümem…