Ýol

Damja 5 – Umman gary

Üýşüp ýokary galmana dowam etdik. Indi hasam ýagtylypdy töwerek. Her hili balyklar, akulalar, meduzalar gördük. Diýseň gyzykly geçdi. Ýene biraz ýüzüberdik welin suwuň ýüzüne ýakyn ägirt giň ýaşyllyk gördük. -Baýbowww bularyň owadandygyny – haýranlygymy gizlejek bolup durmadym. Bilgirjämiz haýran galanymy görüp ýene bat alyp gürläp başlady. -Bulara fitoplankton diýilýär. Öňler birnäçesi bilen duşuşypdym gaty mylaýym jandarlar. Ýagty bilenem aralary gowy bularyň haçan görseň suwuň ýüzüne golaý. Bu sözler meniň ünsümi çekipdi. Kim ýagta has golaý…

Damja 3 – Ýol we ýoldaş

Salawmaleýkim, ýene men geldim. Ara gaty köp wagt salanymy bilýärin. Sizden ötünç soraýaryn. Beýle köp wagt görünmezligimiň elbetde bir sebäbi bar. Siziň öňüňize bahanasyz çykmak biderejik bahanaly çykmakdan has aýyp bolardy, şeýle dälmi? Şunça wagtlap gözden ýitenimiň esasy sebäbi ýolda bolanlygym. Ýadyňyza düşýän bolsa ýokary çykmak üçin iki sany zadyň esasydygyny bilipdim – süýjemek we ýylamak. Ikisi hem içki dünýäm bilen baglanşykly meseleler bolmagyna garamazdan, olar meniň daşky dünýämi hem örän üýtgetdi. Çyndanam ýuwaş-ýuwaş ýokary…

Damja 2 – Ýola taýýarlyk

Salam. Nähili ýagdaýlaryňyz? Menem erbet däl. Höwesim gaçmanjyk maksadyma ymtylsam, täzelik bolsa gelip aýdyp bererin diýipdim. Akja zatlar birnäçe gezek düýşüme girip ýatyrmady. Ilki-ilkiler şo gorkunç balykdan gorkup oýanýardym. Soňa-baka şol ýagýan zatlara seredip düýşlemden keýp alyp başladym. Ýöne düýşler seredip ýatmak üçin berilýän däldir şeýle dälmi? Ymtylmajak bolsaň arzuwyñ näme peýdasy bar? Garaz şu pikirler bilen ýokary çykmagyñ küýüne düşdim. Bir zatlar edip ýokary çykmagyñ ugruny tapmalydym. Geçenki ýaşulyñ ýanyna barasym gelenokdy. Birhili gürleýşi…

Damja 2 – Ýola taýýarlyk