1 minut alar
BU MESELÄ IŇŇÄN JOGAPKÄRLI ÇEMELEŞESIM GELÝÄR.
“Adamlaryň kalbyny joşdurmak, ýüreklerinde güýçli duýgulary oýarmak we olaryň hakyky söýgüsine mynasyp bolmak üçin näçe galany almaly?” – soragy meni köpden bäri biynjalyk edýär. Bu sorag meniň hiç haçan üns merkezimden düşmedi. Has dogrusy, meni juda aladalandyrýar diýsem ýeridir. Ýagny muny başarmak, hiçem aňsat däl we men muňa günsaýyn hasam gowy düşünýärin. Ähmiýetsiz galyberse-de ujypsyz ýazgylarym bilen adamlaryň gymmatly wagtlaryny alasym gelenok. Okalmaga deger, ýatlanmaga barabar, aýdylmaga mynasyp eserleri ýazmak üçin synanyşmak meniň ilkinji maksadym…