8 minut alar
Netije
NETIJE (hekaýa) Olaryň her biri ugurdaş ýoluň ýolagçylary ýaly bolup gelýärdi. Üç sany adam – bir komandir bilen iki sany esger – ýoluň soňunda bir nokada birikmeli ýodalar ýaly, kä üçburçlugy emele getirip, käte ugurdaş kesimlere meňzäp ýöreýärdiler. Olaryň hiç birinden ses çykmasa-da, daş – töweregini gurşap alan daglardan çykýardy. Nirededir bir ýerde hökman suwuň bolaýmalydygy baradaky pikiri guşlaryň jürküldisi tassyklaýardy, ýöne üç sany esgeriň ýadaw gözleri erkana guşlaryň hereketini yzarlardan asgyndy. Olaryň ýuwaşjadan öz…