Şredingeriň pişigi
1 minut alar
Kwant fizikasynda, “Şredingeriň pişiginiň effekti” diýilýän aňlatma bar.
Bu näme we onuň “mesgesine” haýsy “mürepbäni” çalyp iýmeli?! :-)
Awstriýaly fizik Erwin Şredinger (Şrödinger, Şrýodinger), 1935-nji ýylda şeýle abstrakt hyýaly eksperimenti teklip edýär:
“Pişigi, içinde pişik degip bilmez ýaly edilen dowzahy enjam goýlan polat seýfde ýerleşdireliň. Geýgeriň ölçeýjisine radioaktiw jisimiň dänejigi goýlan. Ol dänejik şeýlebir az welin, bir sagadyň dowamynda diňe ýekeje atom bölünip, dargabam biler, edil şonuň ýaly-da dargamanam biler. Eger-de atom dargasa Geýgeriň ölçeýjisi sinil turşusyndan doly aýna gapjagazy döwýän çekiçjigi herekete girizer. Bu ulgamy bir sagadyň dowamynda özbaşyna gözegçiliksiz goýsak, biz aýdyp bileris: “Eger-de şu wagtyň dowamynda ýekeje atom hem dargamadyk bolsa, onda pişik diri”. Birje atomyň dargamagy bolsa pişigiň zäherlenmegine getirerdi. Ulgamyň tolkun funksiýasy (ψ-funksiýa) bolsa, muny, şol birwagtyň özünde diri we öli pişik, birmeňzeş möçberlerde garylyp-gatylan hem-de seýfiň içine çalnan (ýaýran) diýip aňladardy”.
Düşündiňizmi?
Men-ä ýok :-).