Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Programmaçy

Soňky Sözler

1 minut alar

Ölümden öňki bir sekuntda tutuş durmuşyň göz öňüňden geçýär diýip aýtýardylar. Birinjiden, şol sekunt asyl sekunda deň däldi. Bir sekunt edil wagt ummany ýaly uzakdy. Meniň gezegimde, skaut lagerinde arkalykgan ýyldyzlara seredişimdi we saralan agaçlardan gaçan ýapraklaryň köçämizi tutyp duruşydy. Ýa-da mamamyň elleri we onuň derisiniň kagyza meňzeşligindedi… we Toni daýymyň alan brend-täze maşynyna birinji gezek synlaşyşymdady; we JeniJeni… hem-de Kerolin. Belki-de başymdan geçiren zatlaryma meniň içim ýanyp bilerdi, emma dünýäde şeýle owadanlyklar barka gaharyňy saklamaklyk gaty kyn. Käteler meniň pikirimçe men bu owadanlyklaryň ählisini birlikde görýän ýaly we bu gereginden artykmaç. Ýüregim edil şindi ýaryljak şar ýaly çişýär. Şonda men köşeşmelidigimi ýatlaýaryn… we ýüregimde saklamygymy bes etýärin. Soňra bu zatlar meniň içimden ýagyş ýaly akyp geçýär, we men bu ýaşan kiçijek samsyk durmuşymyň her bir pursadyna minnetdarlyk bildirmekden başga hiç zady duýup bilemok. Meniň aýtýanlarym barada siziň hiç-hili pikiriňiz ýokdur… Ýöne alada etme. Bir gün düşünersiň.

P.S. 

Filmden diňlän mowzugy terjime edip goýdum.

20 |