Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

SOŇKY SARGYT (Rowaýat)

3 minut alar

Gül  ýaly  gyzjagaz,  eýjejik  çaga,
Ulag  kakyp,  duçar  boldy  pajyga.

Beýni  sarsyp,  garaklary  gapyldy,
Göz  öňüne  gara  perde  ýapyldy.

Ýogsa  galan  ýeri  tut  dek  sagatdy,
Näbine  gyzjagaz  şeýle  betbagtdy.

Körpelikden  bäri  gedemje  kalby
Indi  oňa  zyndan  etdi  jahany.

Kemsinmekden  ýaňa  ýanyp-jowranyp,
Ýaşap  ýördi  öz-özüni  ýigrenip.

Gatnaşýany  ýokdy  deňi-duşunda,
Diňe  bir  oglanjyk  perwaz  daşynda.

Bolsa-da  ol  gyzdan  iki-üç  ýaş  kiçi,
Şoldy  ýalňyz  tesellisi,  daýanjy.

Duýup  oglanjygyň  mähir-yhlasyn,
Gyzam  oňa  ysnyşýardy  ýylsaýyn.

Şeýdip  olar  ulaldylar, ösdüler,
Juwanlyk  döwrüne  gadam  basdylar.

Çyndan  köňül  berip  batyl  naçara,
Ugrunda  sepildi  ýigit  biçäre.

Her  ne  zerur  işi  bolsa  bitiýrdi,
Ne  hajaty  bolsa  gidip  getiýrdi.

“Durmuşa  çyk  maňa!”  diýip  kän  gezek,
Gyza  ençe  sapar  ýalbardy  uzak.

Sokur  gözlerinden  gelmese-de  ýaş,
Bir  gezek  gyz  etdi  şeýle  bir  nalyş:

“Ölçerme  odumy,  gozgama  derdim!
Ýanýoldaşy  bolmak  seniň  deý  merdiň...

Bu  teklibiň  --  meniň  gökde  arzuwym.
Emma ýok  ahyry  seňki  dek  gözüm!

Git  meniň  ýanymdan,  etme  ham-hyýal,
Saýlap  al  özüňe  sagat  bir  aýal.

Meniň  ýaly  betbagt  küje,  sen  küje?
Maňa  ýazgyt  boldy  ümürlik  gije.

Şu  gara  tümlükden  çyksadym  ýagta,
Seniň  taýyň  bolup,  ýeterdim  bagta!”

Ýigit  diýdi:  “Birden  açylsa  gözüň,
Şu wadaňdan dänme,  söz bolsun sözüň!”

Soňra  bir  gün  gyzy  çagyrdy  lukman:
“Indi  sen  dünýäni  görersiň  hökman!

Nazaryňa  gaýdyp  bereris  şugla –  
Sagdyn  gözler  tapdyk  saňa  goýmaga.

Bardy  bizde  jandan  umytsyz  hassa,
Ýaş ýigitdi.  Düýn  ýogaldy  neresse.

Dünýäden  gitmänkä  etdi  wesýeti:
“Gözelligi  görmek – ömrüň  lezzeti.

Agyrardy  mydam  körlere  nebsim,
Batyla  göz  bermek – soňky  höwesim.

Gözlerimi  size  goýup  gidýärin,
Kime  zerur  bolsa,  bagyş  edýärin”

Garaz,  hasyl  boldy  gyzyň  arzuwy,
Lukman  ol  amaly  geçirdi  şowly.

Ençe  günden  aýyrdylar  sargyny,
Şatlyk  tas  ýarypdy  gyzyň  kalbyny:

Jahan  indi  giň,  ajaýyp,  beýikdi,
Penjireden  daş  bakmagam  keýpdi.

Doýman bakdy  aýnadaky  keşbine,
Soň  göwün  ýüwürtdi  geçip  düşegne.

Birdenkä  açylyp  otag  gapysy,
Eşidildi  dostuň  mähriban  sesi.

Işikde  dur  şol  çagalyk  ýoldaşy,
Ýaşlyk  döwrüniň  hem  ýalňyz  syrdaşy.

Gyz  ýigide  ilki  sapar  syn  etdi:
Görmegeý  ýigitdi  çynar  syratly.

Ýylgyryşy  göýä  güneşiň  çogy,
Emma...  gymyldanok  gözi-gabagy...

Gyz  içini  çekdi:  “Sen-de  batylmyň?
Wah, neressäm!  Hossarym  sen,  ýakynym!

Meniň  bilen  hakyýt  dertdeş  ekeniň,
Alla  bilýär  nämeleri  çekeniň...”

Ýigit  diýdi:  “Şat  habary  eşitdim:
Gutlaýan,  ezizim,  tümden  çykypsyň!

Indi  gezmersiň  sen  ýüregi  dagly.
Meniň  bagtym  bolsa  bir  saňa  bagly.

Men  senden  garaşýan  başga  habara,
Şol  bolar  men  üçin  şatlyk-dabara!

Göz  ýetirmek  isleýärin  bir  zada,
Maňa  şondan  möhüm  zat  ýok  dünýäde:

Indi  garaňkydan  çykaňsoň  ýagta,
Barmydyr,  ezizim,  wadaňda  wepa?

Durmuş  gurup,  eli  berip  ele  biz,
Ömürboýy  bolarysmy  bile  biz?”

Gyz  esli  oýlanyp,  gürledi  agras:
“Soragyň  şu  bolsa,  maňa  gulak  as!

Menem  seniň  ýaly  körüň  biridim,
Diňe  seniň  mähriň  bilen  diridim.

Ýüregimde  saňa  tükenmez  alkyş...
Indem  söýýän  bolsaň,  senden  bir  haýyş:

“Wadaň”  diýen  bolup  ýanyma  gelme!
Ýagdaýlar  üýtgändir,  şony  berk  belle!

Öňki  diýýän  maýyp  gyzyň  däldirin,
Onki  synam  ýerbe-ýerdir  gül  deýin.

Ýüz-gözümden  hiç  kim  tapmaz  aýyby.
Men  özüme  ýoldaş  etmen  maýyby!

Ykbalymdyr  ýigitleriň  seresi,
Maňa  laýyk  däldir  köri-kerisi!

Men  düşünmän  kim  düşünsin  halyňa? 
Bolsa-da  kaýyl  bol  öz  ykbalyňa!

Bizem  ýagdaýyňdan  habar  tutarys,
Zerur  bolsa  maddy  kömek  ederis...”

Ýigit  etmese-de  gygyryp  nalyş,
Sokur  gözlerinden  syrygdy  gözýaş.

Hasasyny  sermäp,  dolandy  yza.
Soň  ondan  gysgajyk  hat  geldi  gyza:

“Hoş,  dostum,  ýanyňdan  baky  aýrylýan!
Indi  gözleriň  bar  dünýäni  görýän.

Aýagyn  olary,  oňatja  ide --
Ozal  meniňkidi  şol  goşa  dide!”

64 |