Sen kim?
4 minut alar
Şul teksti okaýan adam kim? Okaýan adam özüne «men şeýle adam» diýip biler. Her bir adama ene-atasy, dostlary, tanyşlary ýa-da garyndaşlary «sen şeýle adam» diýip biler, hatda her adamyň öz-özi hakda hem öz pikiri bar. Ýöne şularyň hemmesi şul teksti okaýan adam boljak bolmakdyr. Hemme adam öz içki «meni» wagtyň geçmegi ýa-da daşky gurşawyň üýtgemegi bilen üýtgeýändir öýdýär, ýöne diňe özüň hakda nähili pikir edýäniň üýtgeýär, hakyky «men» üýtgewsizdir.
Bu ýagdaýyň ýeke-täk kynçylygy — sen özüňi bar duýjak bolýarsyň, haçanda sen eýýäm barkaň. Sebäbi özüňi bar duýup, hemişe bir tüýsli boljak bolýarsyň. Ýöne hemişe bir tüýsli bolmagyň yzyndan kowalap, eýýäm bardygyňa üns bermersiň we bir tüýsli bolup, özüňi bar duýjak bolup uly umyt baglaýarsyň. Bu bir tarapdan böwet, başga tarapdan bolsa gerek, şol ýagdaýdan ýadap düşünip başlamak üçin. Özüňi tapmak, ýitirmek, tapmak, ýitirmek... Maskalaryň içinde özüňi tapmak, ýitirmek, ýöne sen özüň hemişe bardyň.
Edil şu wagt, şul sekuntda bolup geçýän zatlara düşünýän endam däl, endam hem şu wagtyň bir bölegi, ýöne düşünýän zat aň we biziň esasy maksadymyz şonuň nämedigini gyzyklanmak. Näme bar edil şu wagt? Ýitiren zatlaryň hakda gyzyklanyp, şolary gaýtarmak dälde, saklajak bolsagam, ýitiren zatlarymyzdan soň galan şu wagtkyp ýagdaý hakda gyzyklanmak, sebäbi şu wagtky bar zatlaryň hemmesi ýitiren zatlaryňdan has gerekdigini 100% kepili bolup durýar. Sebäbi hemme ýitiren zadyň eýýäm wajyplygy ýok, şu wagtky bar zatlar bolsa gerek.
Iň gyzykly zatlaryň biri — geçmişde gözleýän zadyň şu wagt bar we geljekden gözleýän zadyň hem şu wagt bar, sebäbi adam geçmişde-de, geljekde-de özüni gözleýär. Özüňi geçmişde bir tüýsli ýadyňa düşürýärsiň, geljekde başga tüýsli görýärsiň, diýmek geçmişde, geljekde we şu wagt üýtgeýän zat — biziň özümiz hakda pikirmiziň daşky keşbi. Özüň hakda duýgularyň üýtgäp biler, ýöne sen şol hemişeki sen.
Onda näme üçin sen özüňi geçmişden ýa-da geljekden gözleýärsiň, eger-de sen özüň şu wagt bar bolsaň? Wagt otnositel, düşünje; hemme zat, ýagny geçmiş hem, geljek hem şu wagtyň geçip duran wagtyna merkezleşdirilen. Şu wagtky bolup duran ýagdaý we içinde näme bolup geçýän hem bolsa, bu bir gural, hemişelik mümkinçilik özüňi sonsuzlyga çenli aldamazlyk üçin. Özüňi aldap özüňi gözleýän syrap bilersyň ýa-da şol hemme zatdan iteklenip, öz bardygyňy duýup bilersyň, özüňi nähili hem duýanyňdada.
Bir duýga ýa-da ýagdaýa ymtylmagyň näme manysy bar, eger-de biz şu wagtyň özünde bir zatlar duýýan bolsak? Biz öz içimizdäki bolup geçýän zatlary hem göremzok, hemişe ünsümiz başga ýerde bolup. Ähli duýguny ýa-da ýagdaýy emeli döredip bolýar, ýöne ol wagtlaýyn, wagtyň geçmegi bilen ýene-de öz tebigy ýagdaýyňa dolanyp gelýärsiň. Edil şu wagtky tebigy ýagdaýdan daşary başga duýgy duýjak bolmaklyk, başga adam boljak bolmak ýalydyr.
Biz hemişe başga adamyň duýgusyny duýjak bolýarys. Bu diýdigim, öňki sen we şu wagtky sen ikisi başga adamlar düşünje tarapdan. Eger-de pikir edip görsek, bize hiç kim aýtmasa hem, sonsuzlyga çenli hemme ýagdaýlaryň we duýgularyň içinde ýeketäk bir hakykylygyň bardygyny biz bilýäris, bu biziň tebigy ýagdaýymyz. Biziň ýalňyşymyz: biz tebigy diýýän ýagdaýymyzy dowamly goldap saklamak isleýäris. Ýöne nähili ol tebigy ýagdaý bolýar, eger-de ony dowamly goldap saklamaly bolsa?
Haçanda bir ýagdaýy goldap saklajak bolanyňda, eýýäm ýene-de başga adam boljak bolmakdyr. Haçanda bolsa bir wagt özüňi ýeňil ýa-da gowy duýan wagtyň, şol ýagdaýy tebigy ýagdaý öýdüp bilersiň, hemişe şol duýgyny gaýtalamak üçin geçmişe gaýdyp gelýärsiň. Ýöne şol ýagdaýy täzeden duýup bilmeýäniň üçin ejir çekýärsiňmi ýa-da hakykatdan hem aňsyz ýagdaýda tebigy ýagdaýyň ýeke-jede herekede mätäç däldigine düşünmän ejir çekýärsiňmi? Adam düşünmän gaýtadan geçmişe dolanýar, geçmişe dowamly dolanmagyň sebäbi bolsa ýene-de geljege ymtylmakdyr.
Şunluk bilen biz hemişe geçmiş we geljegiň arasynda bolup, şu wagtky ýagdaýyň üstünden böküp geçýäris, şu wagtky ýagdaýy göremzok, duýamzok. Tebigy ýagdaý hemişe üýtgeýär, başga ýagdaýlar, başga duýgular. Esasy zat biziň şu wagt barlygymyz we hiç bir duýga ýapyşjak bolman, şu wagtky ýagdaýy duýmany başarmak. Adam köplenç bolup geçýän zatlardan närazy, içiňde hemişe öz-öziň bilen jedel. Hiç kim ýaly boljak bolma, hiç kim boljak bolma. Sebäbi sen eýýäm barsyň we hemişede bardyň, ýöne özüň hem bileňokdyň.