ŞEMAL BILEN SÖHBET
4 minut alar
Aňyrsy görnüp duran, ýuka tutyny çalaja galgadyp, açyk penjireden şemal öýüme girdi. Geldi-de elini egnime goýdy. Men onuň elini gysmakçy boldum. Ol bolsa, boýnuma saraldy. Soňam boýnuma münüp, aýaklaryny egnime atdy öýdýän. Gulaklarymyň uçlaryna çenli degen ondan başga kim bolsun! Haýran galaýmaly, boýnuňa münse-de ondan hiç zat gaty görlenok?!
Çalaja saçymy sypady. Elini gysyp ýetişmänkäň boýnuňdan gujaklap, soňam aýaklaryny iki egniňden sallap oturýan myhmanymy nähili garşylajagymy bilmämsoň, näme diýjegimem bilmedim. Hem onuň bilen gürleşesim gelýärdi hem söz tapmaýardym. Ol welin, baryna düşünip dur. Özüne «Seni göremok, şonuň üçinem sen ýok» diýilmese bolýar. Ýumşaklygy, ýakynlygy, tämizligi bilen ynamyma girip, gözlerime doganym ýaly mährem bakýar. Öz aýtjaklaryny maňa diýdirip iç döküşip otyr. Özüňe sowal berdirip, jogabynam özüňden alýar. Bu täsin söhbetdeşligi ýazga geçirjegem ýok, diňläp biljegem, görüp biljegem ýok. Özüňden başga. Özüňi welin özüne bendiwany edip goýýar.
- Şemal dost, geleniň gowy bolaýdy. Yssydanmy, sowukdanmy, köplükdenmi, ýekelikden ýüregim gysyp otyrdym. Wagtyň bar gerek?
- Men wagt ölçegini bilmeýärin. Meniň üçin aralygam ýok. Şonuň üçin men gitmeýärinem, gelmeýärinem. Men bar.
- Asmanam bar, elim ýetenok. Daglaram bar aýagym ýetenok. Adamlaram bar kalbym gapysyny açanok.
- Seniň Asmana däl, asmanyň saňa eli ýetsin. Sen daglara däl, daglar saňa gurban bolsun. Adamlar kalbyňy açmasa, sen kalbyňy adamlara aç.
- Wah sen bolsadym!
- Men özüme sen bolsadym diýýän. Güleňde gülüşiň menden zyýada, aglaňda gözleriň ýaşy.
- Howada guşlaryň deňinde uçýaň. Ýa olar seni kesip geçýärlermi?
- Olar mende ýaşaýar.
- Sen olarsyz oňup bilersiňmi?
- Düşünmedim?
- Olar bolmasa saňa nähili bolar?
- Olar bar. Menem bar. Senem bar. Bar zat nädip ýok bolsun?
- Şonda-da ... birden?
- Seniň aňyňda tüweleý turjak bolýar. Tüweleý garma-garjaşyklyk. Tüweleýi men halamaýaryn.
- Bagyşla. Ýazda açylan güller solýar, şoňa gynanjyma senem gynandyrdym.
- Gül solmaýar. Sen gaty köp ýerde, gaty köp zady güle deňeýäň. Sen ähli ajaýyplyklara gül diýýärsiň. Çünki gül ýüregiňde açylyp dur.
- Sen ony görýärmiň?
- Men ony yrap geçdim.
- Aýtsana, ol... adam ukudaka owadanmy ýa oýaka? Adam dirikä gowumy ýa ýogalandan soň?
- Dirilige taý geljek zat ýok. Ölümem deňsiz-taýsyzdyr. Ýöne onuň gözelligini açyk gözler görmeýär.
- Aýtsana, gyzgynlyk näme, sowuklyk näme?
- Olar bir-birine duşmandyr. Edil dirilik bilen ölüm ýaly. Olar ýaraşanlarynda salkynlyk döreýär.
- Begeneňde nädip gülýäň, gynanaňda aglaýyşyň nähili?
- Begenemde ýagyş getirip aglaýan, gynanamda epgek ösdürip gülýän.
- O nähili?
- Çünki, begenjimiň geçip gitjekdigine, geçip gitjek zada-da begenmeli bolýandygyma aglaýan. Gynanjymyň peýdasyzdygyna, peýdasyz zada-da gynanýandygyma bolsa gülýän.
- Şemal dost, aýtsana, sen kimlerden hoşal?
- Hakyň ýolunda başyny goýanlardan.
- Seni ojaklarymyzyň tüssesi hapalaýandyr, nädip ýuwunýaň?
- Ojaklaryň tüssesine. Çünki öý-ojaklar arassaja çagalaryň aýasyny ýylydyp, arlyjaklaryny guradýar.
- Nähili häsiýetdäki ynsanlary halamaýarsyň?
- Patyşanyň gujagyna düşselerem kanagatlanman, şasynyň täjine göz dikýänleri.
- Ondan beterlerem barmy?
- Bu nygmatlary, rehmetleri görübem ynançsyz ýaşaýanlardan beteri ýokdur.
- Adama yzyndan gelen duşman howplumydyr ýa-da öňünden gelen?
- Adamyň iň howply duşmany öz içinden gelýän nebsidir.
- Gybat, töhmet senem köýdürýärmi?
- Arman olar maňa söndürtmeýär.
- Gyş gowumy ýaz?
- Gyşyna garlary eretmek, ýazyna pyntyklaryň agzyny açmak gowy.
- Şemalym, bu günler nirelerden geçip, nämeler görüp geldiň? Bir ýerlerde ýer yranýar, bir ýerlerde tokaýlara ot düşýär. Ýerleriň özi yranyp özi durýar, tokaýlaryň özi ýanyp özi öçýär...
- Ýüreklere gezek gelende-de şeýle...
- Käteler gazaply gelýäniň, şondanmydyr?
- Gelişim ýalam älem giňişliginde ýitip gidýärin. Muny görenler bir gudratdan başga güýjüň hiçdigine düşünmeklerini isleýän.
- Sen menden näme isleýärsiň?
- Öz kölegäň bilen kowalaşma. Onuň yzyndan ýetip bilmersiň. Ýöne ýagtylyga tarap ýüzüňi öwürseň kölegäň arkada galar. Goý, kölegäň aladasy seniň yzyňdan ýetmek bolsun. Çünki, şeýtmek kölgelere gelişýär...
Men aýdylan zada aýdylşy ýaly düşünýän jahyl kimin kölegämi gözläp, öňüme, yzyma seretdim. Öňüme-yzyma garanjaklap durkam, şemal elini egnimden aýyrdy, ýa-da syrylyp boýnumdan düşdi. Çalaran başym çala sypalanan ýaly boldy. Açyk penjirämiň tutusam galgap gitdi. Ol gitdi... Gitmeýänem bolsa gitdi, diýmek, gelmeýänem bolsa geler...
Daşardan goşgy setirleri eşidilip kagyzyma ýazylýar.
Penjirämiň perdesin,
Çalaja galgadan şemal.
Lemmer-lemmer tolkunlara,
Özüni aldyran şemal.
Gir içeri, assa-assa,
Hem serden geçmegi öwret.
Dertden gutar, men bir hassa,
Ýakdyňmy, öçmegem öwret.
Ýanyňa al, äkit meni,
Sazlary bolaýyn säheriň.
Misli ýalňyzlyk heýkeli,
Gussasy bolaýyn şäheriň.
Daşlary guçup daglarda,
Sary düzlerde gezýärsiň.
Gel otyr, dynç al ýanymda,
Ýadana meňzeýärsiň...
Sen maňa söýmegi öwret...
Sen maňa ösmegi öwret...
Yşgyma göçmegi öwret...
Nebsime öçmegi öwret...