Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sebäpsiz söýmek mümkinmi?!.

1 minut alar

Sebäpsiz söýmek mümkinmi jemşit?!. Mysal üçin men seni sebäpsiz söýýärinmi?!. Meniň bilen gürleşýäniň üçin, meni zor bilenem bolsa diňleýäniň üçin söýýändirin belki. Seni söýýänligim nireden çykdy aslynda?!. Ynsan söýýän kişileri bilen dertleşer diýýäňmi?!. Olam dogry. Söýýän kişileri bilen derdinip bilmeýänler näme etmelikä jemşit?!. Ölsünlermi?!. Öz-özleri bilen derdinip bilýän ynsanlar gör nähili öňde!. Hoool öňüräkde barýanlarynyň biri maňa meňzemänem duranok hä jemşit?!.

Sebäpsiz söýmek meniň pikirimçe hä mümkin däl ýaly. Herkim herkimi belli-belli sebäpler netijesinde söýýär. Biri gözelligi, owadanlygy üçin, biri häsiýetleri üçin, ýene biri isleýän zatlarynyň edilýändigi üçin we nijeme sebäpler.

Ene-atalar çagalaryny ýa-da perzentler ene-atalaryny sebäpsiz söýýärmikä jemşit?!. Mümkin boljak bolsa şu baglylykda mümkin bolaýjak ýaly. Enem-atam näme etseler etsinler olary söýerdimmikäm?!. Ýa-da çagalarym näme etseler etsinler olary söýerinmi?!.

Sebäpsiz söýmek, mümkin bolmajak söýgi!. Sebäpsiz söýmek, söýginiň iň soňky derejesidir belki-de!. Belki-de käbir zatlaryň iň soňky derejesi manysyzdyr jemşit!.

71 |
|