Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sanly ykdysadyýetde maliýe howpsuzlygynyň üpjün edilmegi

2 minut alar

Sanly ykdysadyýet häzirki döwrüň dünýä ykdysady ösüşiniň möhüm ugruna öwrüldi. Ol diňe bir elektron söwda ýa-da internet arkaly hyzmat bermek bilen çäklenmän, jemgyýetiň ähli pudaklaryny — önümçiligi, ulag-logistika ulgamyny, saglygy goraýşy, bilim ulgamyny, döwlet dolandyryşyny hem-de maliýe bazarlaryny — öz içine alýan giň ykdysady ulgamdyr. Sanly ykdysadyýetiň düýp manysy maglumatlaryň we maglumat tehnologiýalarynyň ykdysady gatnaşyklaryň esasy serişdelerine öwrülmeginden ybaratdyr. Şeýlelikde, ykdysady gatnaşyklaryň sanly maglumatlar arkaly amala aşyrylmagy maglumatlaryň täze ykdysady serişde hökmünde Sanly ykdysadyýet häzirki döwrüň dünýä ykdysady ösüşiniň möhüm ugruna öwrüldi. Ol diňe bir elektron söwda ýa-da internet arkaly hyzmat bermek bilen çäklenmän, jemgyýetiň ähli pudaklaryny — önümçiligi, ulag-logistika ulgamyny, saglygy goraýşy, bilim ulgamyny, döwlet dolandyryşyny hem-de maliýe bazarlaryny — öz içine alýan giň ykdysady ulgamdyr. Sanly ykdysadyýetiň düýp manysy maglumatlaryň we maglumat tehnologiýalarynyň ykdysady gatnaşyklaryň esasy serişdelerine öwrülmeginden ybaratdyr. Şeýlelikde, ykdysady gatnaşyklaryň sanly maglumatlar arkaly amala aşyrylmagy maglumatlaryň täze ykdysady serişde hökmünde peýdalanylmagyna, işjeňlikleriň awtomatlaşdyrylmagyna we maliýe dolanyşygynyň çaltlaşmagyna mümkinçilik döredýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen dünýäde maliýe tehnologiýalarynyň (FinTech) kompaniýalarynyň, blokçein ulgamlarynyň, sanly walýutalaryň, onlaýn töleg platformalarynyň we süni intellekt esasynda işleýän maliýe çözgütleriniň peýda bolmagy maliýe ulgamynda düýpli özgertmeleri emele getirdi. Maliýe tehnologiýalary boýunça işleýän täze kompaniýalar adaty bank hyzmatlarynyň ýerine täze mümkinçilikleri hödürläp başladylar. Şolaryň hatarynda onlaýn karz hyzmatlary, elektron jübiler, halkara tölegleriň arzanlaşmagy, awtomatlaşdyrylan maýa goýum platformalary we kriptoaktiwler bilen söwda etmek ýaly mümkinçilikler giňden ornaşdy. Netijede, sanly hyzmatlar adamlaryň gündelik ykdysady gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Bu ösüşler döwletleriň maliýe syýasatlaryna hem düýpli täsir edýär. Ilki bilen, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde maliýe dolanyşygy has açyk we gözegçilikli häsiýete eýe bolýar. Elektron töleg ulgamlary arkaly tölegleriň yzarlanylmagy, döwlet býujetiniň girdejileriniň has dogry hasaplanmagy hem-de salgyt ulgamynyň awtomatlaşdyrylmagy maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Şeýle-de, sanly maglumatlaryň üsti bilen ykdysady ýagdaýy hakyky wagt boýunça seljermek mümkinçiligi emele gelýär.

|