Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

SAGDYN BEDENDE – SAGDYN RUH

3 minut alar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli menzillerinde ýurdumyzda adamyň saglygyny goramak we berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde giň gerimde durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, her ýylyň aprel aýynyň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda uly dabara bilen bellenilip geçilmegi halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Türkmen halkynyň paýhas hazynasynda “Saglyk – iň uly baýlykdyr” diýen jümle aýratyn orny eýeleýär. Häzirki döwürde bu pähim täze many-mazmun bilen baýlaşyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giňden ornaşýar. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçýän bu aý ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýratmak maksady bilen alnyp barylýan giň gerimli çäreleriň möhüm tapgyrydyr.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bu ugurda alyp barýan işleri bilen aýratyn ähmiýete eýedir. Jemgyýetiň esasy wezipesi ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, ilata goldaw bermekden, olaryň saglygyny goramakdan hem-de adatdan daşary ýagdaýlarda degişli kömegi guramakdan ybaratdyr. Gurama tarapyndan geçirilýän çäreler ýokary guramaçylyk derejesi bilen tapawutlanýar.
Şu döwürde ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Dürli ýaş toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklarda hünärmenler tarapyndan ýokanç keselleriň öňüni almak, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, dogry iýmitlenmek hem-de beden işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça giňişleýin düşündiriş işleri alnyp barylýar. Şeýle çäreler ilatyň saglyk baradaky düşünjesini ýokarlandyrmakda, olaryň gündelik durmuşynda sagdyn endikleriň ornaşmagyna itergi bermekde möhüm orny eýeleýär. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýynyň çäklerinde ilkinji kömek bermek boýunça okuw sapaklaryna hem aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan guralýan bu sapaklara gatnaşyjylara dürli ýagdaýlarda ilkinji kömegi dogry bermek, howply ýagdaýlarda özüňi alyp barmak, adam janyny halas etmek bilen bagly möhüm maglumatlar berilýär. Amaly türgenleşikler bilen utgaşdyrylýan bu okuwlar ilatyň taýýarlyk derejesiniň ýokarlanmagyna, jemgyýetde howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şeýle hem, meýletinçilik hereketiniň ösdürilmegi aprel aýynyň çäreleriniň möhüm ugrudyr. Meýletinçileriň gatnaşmagynda geçirilýän saglyk ýörişleri hem-de sport çäreleri adamlaryň arasynda agzybirligi, özara goldawy we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny ösdürýär. Bu çäreler diňe bir saglygyň berkemegine däl, eýsem jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň has-da berkemegine hem hyzmat edýär. Mundan başga-da, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça geçirilýän çäreler hem aýratyn ähmiýete eýedir. Tebigy betbagtçylyklar ýa-da beýleki howply ýagdaýlar ýüze çykanda ilatyň dogry hereket etmegi üçin zerur bolan bilimler we başarnyklar şeýle çäreleriň dowamynda ösdürilýär. Biraýlygyň dowamynda saglygyň diňe bir beden ýagdaýy bilen çäklenmän, eýsem ruhy we sosial abadançylyk bilen hem berk baglydygyna aýratyn üns berilýär. Psihologik saglygyň berkemegi, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygy, daşky gurşawy goramak ýaly meseleler hem giňden wagyz edilýär. Şeýle giňişleýin çemeleşme jemgyýetde saglygyň ähli taraplaýyn üpjün edilmegine we berkidilmegine gönükdirilendir.
Saglyk – bu diňe bir şahsy baýlyk bolman, eýsem tutuş jemgyýetiň abadançylygynyň, durnukly ösüşiniň we bagtyýar geljeginiň berk binýadydyr. Şonuň üçin hem, her bir raýatyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, öz saglygyna jogapkärçilikli çemeleşmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy bu beýik maksada ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolan aýratyn döwür hökmünde jemgyýetçilik durmuşynda öz ornuny berkidýär.

 

Nazarklyç SAPARKLYÇEW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň başlygy.

|