Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Grafik dizaýner

Reňk = Brend

1 minut alar

Reňkler biziň duýgylarymyza täsir etmegiň güýçli usulydyr. Meşhur brendlar belli bir keşbi döretmek we müşderileri bilen emosional derejede baglanyşmak üçin reňk psihologiýasyny ulanýarlar.

Mysal üçin, Rolex, Apple, Hermès we beýleki uly brendlar özleriniň reňklerini tötänleýin saýlaýan däldirler. Olaryň reňkleri aslynda olaryň şahsyýetlerini görkezýär.

Rolex = Çylşyrymlylyk, abraý, üstünlik, güýç
Apple = sadalyk, tertiplilik, döwrebap, arassa
Hermès = Energiýa, döredijilik, ynam, däp

Indi siz öz brendyňyza reňk saýlaň. Reňkleriň psihologiýasy:
Ak: arassaçylyk, ýönekeýlik, parahatçylyk, lýuks, täze başlangyçlar (Apple, Mercedes-Benz) 
Gara: çylşyrymlylyk, lýuks, nepislik, güýç, rahatlyk, syr, gaýgy, gorky (Dior, Nike, Chanel, ZARA) 
🔴 Gyzyl: tolgunma, hyjuw, batyrgaýlyk, söýgi (Coca-Cola, NETFLIX, Lego) 
🔵 Gök: ynam, howpsuzlyk, ygtybarlylyk, arassalyk (PayPal, NIVEA) 
🟡 Sary: bagt, optimizm, güýç, şatlyk, energiýa (Ferrari, McDonalds, Lipton) 
🟠 Mämişi: döredijilik, dostlukly, oýunly, höwesli (Fanta) 
🟢 Ýaşyl: ösüş, sazlaşyk, täzelik, tebigy, ter (Starbucks, Android, Fiverr, Upwork) 
🟣 Gyrmyzy: lýuks, syr, asuda, döredijilik, paýhas (Milka, Wonka)
💗 Gülgüne: mähir, hoşniýetlilik, köşeşdirmek, söýgi, süýjilik, bigünälik

104 |
|