Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Rahatlandyryjyň resepti :-)

2 minut alar

Gerekli zatlar:

 

  1. 200 gramlyk bulgur (ýüzi gülkünç suratly bolsa-da bolýa, bolmasa-da bolýa);
  2. 150 gram süýt (iň gowus-a sygryňky, bolmasa geçiňki ýa guşuňky bolsa-da bolýa, bolmasa-da bolýa);
  3. Üç düwür gant (bolsa-ha şekerçiňrikden, bolmasa-da bolmadygyndan bolsa-da bolýa, bolmasa-da bolýa);
  4. 50 gram gaýnag suw (bolsa-ha çeşmäňki, bolmasa-da bolmadygynyňky bolsa-da, bolmasa-da barybir - bolýa);
  5. Bir çaý çemçe kofe (bolsa-ha bolýanyndan, bolmasa-da bolmaýanyndanam bolsa bolýa);
  6. 2 sanyjak çowdary kökesi (bu diňe bolýany bolsa gowy, bolmasa, bolmaýany bolsa-da oňşubermeli).

​​​​​​​

Gandy bulgura atýaň.

Üstünden süýt guýýaň.

3 minutlyk howurpeje salýaň welin, gaýnara golaý bolýar.

Oňa çenli elektrik çäýnegi ýarty edip, işledýäň welin, olam şoňa çenli gaýnap ýetişýär.

Soň süýdüň üstüne bir çaý çemçe kofe atýaň.

Soň bulguryň dolmadyk ýerini gaýnag suw bilen püre-pürleýäň.

Çemçe bilen howlukmanjyk, püre-pür bulgurdan syçratman, dökmän, emaý bilen bulaýaň.

Mazaly garyşandan soň, iş ornuňa, stoluň üstüne kiçijek mejimäni goýýaň.

Üstünde ýaňky bulguryňy, iki sanyjagam çowdary kökesini ýerleşdirýäň.

Özüň köneje kürsüňe geçip oturýaň.

Kompda haýaljakdan myňňyldaýan sazy, pessaýja goýberýäň.

Soňam özüňe noş bolýan kitaby açýaň-da, ony skrolling (özi ýokarylygyna akyp geçýän) režimde, ekranyň ýüzünden seniň okaýyş tizligiňde endigan akyp, geçip durar ýaly edýäň.

Çowdary kökesinden dişleýäň-de, birje owurdam gyzgyn latteden owurtlaýaň.

Ym-m-m-m…

Eşret-laý, eşred-ä bi, eşred-ä…

Arkanlygyna gaýşyp, kürsüň ýeňsewajyna ýaplanyp, çäşerip oturyşyňa-da, göwnüňe hoş ýakýan kitaby, ýalta äwmezeklik bilen okanjaklan bolup, lezzet bilen gözüňi süzgekledýäň.

Kalbyň, setirleriň hem indiki latte owurdynyňdyr köke dişleminiň yşgynda, meýmirewük süýjümtikligiň gujagynda huwwalanýar.

Onsoň, hut şo pille-de – bir sekunt eýlägem däl beýlägem – içiňden biperwaý ýaltalyk bilen pyşyrdaýaň:

«Paş-ş-şolyňsan-aýyň, baryňam! Size dagam janymy ýakyp! Bolduňyz meň başyma!».

Nätdi, şyjagaş ýeri?!

Resept dagam däldir-de, reseptleriňem ýyrtýan köpegidir-le, bujagaz!

Dagy nä?

Bolar-bolgusyz zatlar üçin arrygyňy gynap, öz-özüňden ýarak ite dönüp, özüň ýaly ynsan bilen birew-birewiň bokurdagyna agyz urup, birek-biregiň kekirdegini gemirjek bolup oturandan, latte içip, meýmiräniň ne ajap dälmi?

“Dile geldi, bile geldi”, şu pille aýny müddetde meddahlanyp, internet danalarynyňmy ýa-da başga bir “akyldarpuruşlaryňmy” tapan bir sözünem ýatlaýyn:

Dünýäde iki hakykat bar.

1. Biderek zatlara janyňy ýakma!

2. Hemme zat biderek! :-)

 

© Ýepbekçiýew Tapbatçy

68 |