Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar

2 minut alar

                Sokur göz diýmek guran göz diýmek bolsa nähili yhlas edeňde oňa asyl funksiýasyny täzeden gazandyryp bolar, ýa-da bolarmy? Belki göni manyda näme bolar bolmaz ony işiniň ussatlary bolan hakyky göz doktorlaryna goýup biz nakylyň bize aýtjak bolýan yhlas etmek hakda kelam agyz agzap geçäýeliň. Yhlas etmek-arman ýadaman hemme päsgelçiliklere döz gelip maksadyňa ýetmek üçin  göreşmek diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Ýeri gelende bu göreş günde 15-20 sagat işlemek bolup bilişi ýaly, towugyň kürk bolup 21 gün ýumurtgany basyryp oturyşydyr (Sabyr edip garaşmagy bilmekdir). Aty seýislemek üçin gün sypdyrman gijäň ýary ukydan galmagam şoňa degişli, saz düzeňde dogry notany tapmak üçin 3 sutka gözlegde bolmagam şeýle. Onda hasyl almak üçin ýer, dökün, gowy tohum, suw, gerekli mukdarda minerallar, howaň oňaýly şertleri nä dereje möhüm bolsa azyndan şonçada daýhanyň azabam gereklidir. 

                 Tebigatyň kanunlary diýilýän belli kanunlar bar we biz adamogly şolara tabyn bolup ýaşaýas. Yhlas etmek, şol kanunlara dogry düşünmek, talaplalryny göz öňünde tutup ýorganyňa görä aýagyňy uzatmak. Yhlas etmek, ömür ylalaşmajak adamlaň bilen düşünşip işlemegi başarmaklyk; täze harakter, täze hasiýet gazanyp bilmekdir ýeri gelende. Yhlas etmek, kişä minnet etmezlik, mümkin boldugyndan illerede garaşly bolmazlykdyr. Yhlas etmek edýän işiň iň idealyny maksat edinip ondan bärdäki çykyp biljek  hemme päsgelçiliklere (daşardan-içeriden, maddy-ruhy) bäs gelip bilmekdir. 

                 Gyşyň aýazy tomusyň yssysy diýmän ekiniň başynda duranyň hökman gerekdir welin töwerekden akyl berýänleri seljermegiň, dogry netije çykarmagyňam gerek. Her il oňlanda atyňy soýjak bolup otursaň başga derdem gerek däl. 

86 |
|