Teswirler (0)

Ýüklenýär...

Poçta markalary barada

2 minut alar

Taryhda ilkinji gezek poçta markalary 1840-njy ýylyň 1-nji maýynda Birleşen Şalykda ulanylmaga başlandy. Bu markalar, şol döwürlerde "Penny Black" we "Two Pence Blue" diýlip atlandyrylýardy. Markalaryň atlary şol döwür özüniň gymmatyna görä atlandyrylypdyr. Penny Black markasynyň bahasy bary-ýogy 1 penni(iňl.pul birl.) bolup, bu adaty poçta hatynyň tölegi ýerine durýardy. 

- Poçta markalary poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň tertipleşdirilmegine we amatly ýagdaýa getirilmegine mümkinçilik berdi.  Poçta hatyny ugradyjylar, poçtanyň ýüzünde ýazylan nyrhy töläp, şeýle esasda poçta tölegini öňünden hasaplaşmak bilen, poçtalaryny islendik ýere ugradyp bilýärdiler. Poçta markalary diňe döwletiň ygtyýarlygynda çykarylýar. 

Poçta markalarynyň aýratynlyklary

1. Poçta markasynyň nominal bahasy: Markalar ýüzünde ýazylan nominal baha eýedirler. Ýagny, eger poçta markasynyň bahasy 1pennä durýan bolsa, onda bu marka bilen 1 penni-lik poçta hatyny ugradyp bolýar.  Bu baha poçtanyň görnüşine we sap agramyna görä tapawutlanýar. Şol aýratynlyklar göz öňünde tutylyp, nyrhyna laýyklykda, hata ýelmeşdirmek üçin poçta markalary saýlanylýar.

 

2. Markanyň dizaýny: Poçta markalary ýurduň medeni aýratynlyklaryny beýan etmek üçin serişdedir. Markalar, esasan, ýurduň medeniýeti, däp dessurlary, ýadygärlikleri we gymmatlyklary ýaly beýleki möhüm zatlary, şol sanda, möhüm şahsyýetleri, taryhy wakalary we sungat eserleriniň şekillerini öz içine alýan dürli görnüşli dizaýnlara eýedirler. Bu dürli görnüşli dizaýnlar marka kolleksiýaçylaryny, ýagny marka ýygnaýjylary has-da özüne çekýär.

 

3. Ýelim tutujylygy: Käbir markalar öz-özünden ýelimli ýagdaýda bolýar, käbirleri bolsa gyzdyryp ýelimlenýär. Poçta markalarynyň ýelim tutujylygy, ony ulanmagy ýeňilleşdirýär.

4. Perforasiýasy: Poçta markalarynyň simwolikasy bolan, her bir markada görüp bolýan, markalaryň gyrasynda yzygider ýerleşdirilýän poçta deşijekleri, markalary biri-birinden aňsatlyk bilen ýyrtyp aýyrmaga niýetlenendir. Bu deşijeklere perforasiýa diýilýär.

 

Markalary kolleksiýa etmek ýa-da toplamak

- -Poçta markalaryny toplamaga we gyzyklanmaga Filateliýa diýilýär. Filateliýada markalar toplanylýar we gözden geçirilýär. Markalaryň dizaýny, ýasalyş aýratynlygy, taryhy  wakalar bilen baglanyşyklylygy we seýrekligi markanyň gymmatyny artdyrýar. Filateliýany gyzyklanma ýa-da hobbi diýlip atlandyrsak hem bolar. 

 

- Koleksiýa edýänler ýa-da marka toplaýjylar, markalary kategoriýalara we albomlara bölmek arkaly ýygnaýarlar. Käbir markalar taryhy yzygiderlik boýunça çap edilendigi we dürli temalarda dizaýnlary özünde jemleýänligi üçin kolleksiýa edijileriň gyzyklanmasyny artdyrýar. 

- Markalar taryhdan häzirki güne çenli möhüm wakalary beýan etmekde, beýik liderleri we medeni ösüşi suratlandyrmakda örän ähmiýetlidir. Markalaryň dizaýny we ýüzünde ýazylan taryhy sene, islendik bir ýurduň ýa-da medeni zolagyň taryhyny öwrenmekde çeşme hökmünde ulanylyp bilner..

 

Bu aýdylanlar, size poçta markalarynyň esasy aýratynlyklaryny bllmäge we olar barada maglumat almaga ýardam berer. Poçta markalary islendik ýurduň medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny we taryhyny öwrenmek isleýänler üçin adaty bolmadyk hobbi we kolleksiýa etmäge bolan gyzyklanmadyr.

71 |