PLASTMASSANYŇ PIDASY BOLAN UMMANLAR
1 minut alar
Plastmassa XX asyryň iň oňat oýlap tapylan serişdeleriniň biri hökmünde görkezildi. Ýöne bu “oňatlyk” uzak möhletli düşünilende, tebigata bolan zyýanyň başlangyjy boldy. Şu günki günde dünýä ummanlaryna her minutda bir çelek plastmassa hapasy goşulýar. Olaryň uly bölegi bir gezeklik ulanmak üçin niýetlenen önümlerden, ýagny suw çüýşelerinden, polietilen gaplardan we gap-gaçlardan ybaratdyr.
Bu plastikler diňe bir deňiz gözelligini bozman, eýsem, şol ýerde ýaşaýan jandarlar üçin hem ölüm howpuny döredýär. Ösümlikleriň ösmegine päsgel berýär, suwda kislorodyň derejesini peseldýär we balyklar bilen iýilýän mikroplastmassalara öwrülýär. Alymlaryň geçiren gözleglerine görä, dünýäde ýaşaýan adamlaryň köpüsiniň bedeninde mikroplastmassa bardygy anyklanypdyr. Bu gorkunç ýagdaý biziň ýaramaz endiklerimiziň netijesidir.
Bu meselede ilkinji ädim – biziň şahsy çözgütlerimizdir. Munuň üçin her kim öz ýaşaýyş ýörelgesini gözden geçirmeli: “Bu gaby başga gezek ulanmak mümkinmi?”, “Plastmassa däl-de, ekologiýa taýdan amatly material saýlap bilerinmi?”, “Şäherimizde plastmassalary ýygnamak üçin nokatlar barmy?”. Şeýle soraglar bilen pikirlenmäge başlan ýagdaýymyzda jemgyýetde hakyky özgertme bolup biler.
Eger her bir adam plastmassany azaltmaga azajyk hem bolsa goşant goşsa, ummanlaryň geljegi halas bolup biler.
Yhlas ANNAWELIÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary.