PLASTIKI ZYŇYNDYLAR – XXI ASYRYŇ IŇ ULY HOWPY
1 minut alar
Plastik biziň gündelik durmuşymyza girip, ol adaty zat ýaly görünýän bolsa-da, onuň daşky gurşawa ýetirýän zyýany örän uludyr. Dünýäde her ýylda 400 million tonnadan gowrak plastik öndürilýär we onuň ep-esli bölegi gaýtadan işlenilmeýär. Netije-de, deňizlere, derýalara we topraga düşýän plastiki serişdeler ýüzlerçe ýyllap çüýremeýär.
Plastiki hapalanma diňe janly-jandarlara däl, eýsem adamlara-da täsir edýär. Deňiz haýwanlary plastiki önümleri iýip ölýär, mikroplastikler bolsa, azyk zynjyry arkaly biziň bedenimize çenli gelip ýetýär. Eger bu ýagdaý şeýle dowam etse, onda 2050-nji ýyla çenli deňizlerde balyklardan köp plastikleriň bolmagy mümkin diýen alada bar.
Bu meseläniň çözgüdi hökmünde plastiki serişdeleriň ýerini çalşyp biljek ekologiýa taýdan arassa çeşmeler – kagyz, bio-plastik, çüýräp gidýän gap-gaçlar ulanylmaly. Şeýle hem, köp ulanylýan plastiki torbalaryň, çüýşeleriň we gaplaryň ulanylmagyny çäklendirmek möhüm ädimdir.
Aýnabat GURBANBAÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.