Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Özüňi bilip kemala getiren dünýägaraýşyň bilen başgalaryň bize siňdiren dünýägaraýşyny nähili tapawutlandyrmaly?

2 minut alar

Käwagt ilki seredeniňde adam öz dünýägaraýşyny doly özleşdiren ýaly görünýär, ol akylly sözleri ulanýar, paýhasly zatlary gürleýär, emma köplenç şeýle adam haýsydyr bir ideologiýanyň pidasy bolup durýar. Meniň üns berşime görä, bu adam güýçli gurşawa düşende we öz garaýyşlary berk bolan güýçli şahsyýetleriň täsirine düşüp, özboluşly bir «başarnyk synagyndan» geçende ýüze çykýar. Adam belli bir zatlary, soraglara berilmeli taýýar jogaplary diňe ýat tutýar. Eger mysal üçin, şeýle adam düýbünden başga garaýyşdaky biri bilen, aýdaly, milletçi bilen kosmopolit duşuşsa, birinji adam emeli intellekt ýaly hereket edip, öňünden taýýarlanan şol bir standart jogaplary gaýtalap durar.

​Düşünjeli dünýägaraýşly adam hemişe özüne şeýle sorag berýär: «Meniň ynançlarym we bilimim nireden geldi? Mysal üçin, men millet, ekspluatasiýa ýa-da ykdysady gurluş barada näme üçin şeýle pikir edýärin?». Şeýle maglumat ýa-da ideologik basyşa sezewar bolanlaryň hemmesi bu soraga jogap berip bilmeýär. Ikinji sorag bolsa: «Sen muny nämä esaslanyp bilýärsiň? Sen öz garaýyşlaryňy sosiologiýa, ylmy barlaglar ýa-da anyk, dogry we paýhasly deliller bilen esaslandyryp bilýärmisiň?». Eger birinji sorag «nireden?», ikinjisi «nämä esaslanyp?» bolsa, onda üçünjisi «näme bilen deňeşdirilende?» bolmalydyr. Bir ýerde şeýle setirleri okapdym: «pikirlenmek — bu tapawutlandyrmakdyr». Eger men bir zada ynanýan bolsam, onuň çeşmesini bilýän bolsam we subut edip bilýän bolsam, onda men garşydaşlarymyň garaýyşlaryny hem bilmeli, ýagny ideýa taýdan bäsdeşimiň nämäni göz öňünde tutýandygyna düşünmeli. 

Şeýle hem, bu üç soragy öz dünýägaraýşyňy kemala getirmek ýa-da bar bolan garaýyşlaryňy barlamak üçin ulanyp bolar.

|