Jurnalist
Oýunjak
2 minut alar
Telewizoryň kanallaryny geçirip otyrkam çagalygymda köp görlen kinokomediýalaryň biri öňümden çykdy. Men bu komediýanyň sýužetini giňişleýin gürrüň berip oturjak däl. Adyny aýtsam, onuň näme baradadygyny siz bada-bat bilersiňiz: «Oýunjak». Kinonyň baş gahrymany Pýer Rişar. Men çagalygymda bolşy ýaly ýene gülüp hezil etmek üçinmi, ýa-da çagalyk dünýämiň ýatlamalaryna ymsynýandygym üçinmi, bilmedim, ýöne bu kinony başdan-aýak görmäge durdum. Emma näme üçindir komediýa bu gezek meni şatlandyrmady. Kinoda ikiýüzli millioner jenap Koşeniň roly hasam şowly çykypdyr. (Ikiýüzli diýýänimiň sebäbi ol sähel bahana tapsa, işgärlerini işden kowup ýören halyna kollektiwi maşgala meňzeden bolýar. Bular ýaly wakalar hemme ýurtda-da gabat gelýär. Mysal üçin, ýüzüne dikanlap seretmäge batyrgaýlyk edip bilseň, seni işden kowup bilýän başlyklar käbir ýurtlarda azrak hem bolsa, käbir ýurtlarda artygy bilen tapylýar) Kinonyň bir ýerinde Koşe özüniň işgärine (gazetiň redaktoryna) sen-men ýok geýimlerini çykaryp, redaksiýanyň koridorynda çüň-ýalaňaç aýlanmagy buýurýar welin, redaktor dessine eginbaşlaryny çykaryp ugraýar. Ine şonda millioneriň aýdan şu sözleri maňa şeýle täsir etdi: «Siz buýruk berilse, her kimiň öňünde çüň-ýalaňaç aýlanmaga razy-da onda. Bu ýagdaýda biziň haýsymyz has elhenç bolýarys?!»
Dogrudanam, eden-etdilige boýun sunulýan bolsa, kinodaky ýaly, adamlaryň gurjaga öwrülmegine uwnup-çydalýan bolsa, onda beýle ýagdaýda ezilýänleriňmi ýa-da ezýänleriň – kimiň has elhençidigi, zalymdygy barada düýpli oýlanyşmak gerek. Belkem, muny başarmaýan jemgyýetlerde, şol komediýada millioneriň öz oglunyň kakasyna garşy gidişi ýaly diýdimzorlaryň öz neslinden önen biriniň adalatsyzlyga baş götermegi gerekdir. Kinoda-ha beýle zat bolupdyr. Hakyky durmuşda welin, beýle zat mümkinmikä?!