Terjimeçi
Oýnaş / hekaýa
4 minut alar
OÝNAŞ
1
Zöhrä gargadylar, Soltana nälet ýagdyrdylar. Ikiside gazap daşlary bilen daşlandylar. Myş-myş gürrüňleriň topragyna duwlandylar.
– Olar öňden bäri söýüşýän ekenler, gaçyp gidenmişler...
– Waý toba, gaçyp gidenmişler...
— Hawa, gaçypdyrlar.
…kim bilýär, belki çyndyr…
– Jany çyksyn, saçy kesilmiş, çagasyny taşlap gitmän gara ýere girsin, bir är azlyk edýän ekenmi?
– Jany çykmyş, saçy kesilmiş..
– Bir är, ýetenokmy...
– Çagasyny taşlap, oýnaşy bilen gaçypdyr, hä?
…kim bilýär, belki çyndyr…
Bu gürrüňler kiçijik edaraň çäginden çykyp, şähere ýaýrady. Tanyş-bilişler gabatlaşanynda gürrüňleri şu "täzelik" bilen başlap, goşmaça maglumatlar bilen üsti ýetirilip soňlanýardy.
Bir hepdä golaý şeýle boldy. Jala dyňdy. Bulutlar dargady. Gün ýeriň howuryny artdyryp, gyzdyrdy. Adamlaryň gürrüňiniň ugry üýtgedi.
2
Etrabyň edarasyndan welaýat merkezine işe geçen Soltan Zöhräni ilkinji gezek göreninde oňa göwün beripdi. Akja, owadanja, gara gözi bolmasa hem janyňy alyp gelýän bakyşy bar... Baharyň gijesindäki asmanyň görki — aýy ýatladyjy galam-gaşy gap-gara... Gyza ymtylyp seredip duran Soltanyň gözi barmagyndaky nika ýüzügine düşüp, ahmyrly dodagyny dişledi. Bir otagda işländen soňra isleýäňmi-islemeýäňmi nazaryň kaklyşýar. Soltana şeýtan "äri bolanda näme. Belki ata-enesi mejburlap durmuşa çykarandyr. Belki ärini halaýan däldir" diýip azdyrmakçy hem boldy. Ýöne Zöhräniň çagasynyň hem bardygyny bilensoň, oňa ymtylyp seretmekden özüni saklady. Gaýybana aşyk bolup geziberdi. Gelini her göreninde şeýtan azdyrmakçy bolýardy, emma ony ýeňmäge ejizlik edýärdi. Soltan bolgusyz oý-pikirleri üçin özüni küteklemäge başlanda bolsa şeýtan näderini bilmän galýardy.
Soňky günler howa bulaşdy. Kä ýagyş ýagdy, käte ýel turup adamy uçuraýjak boldy. Birde gün çykyp ýakyp-ýandyrmakçy bolýar.
Bu gün irden howa açykdy. Çalaja, maýdajyk ýagyn ýagýardy. Munyň ýaly wagtda otagda kagyz dörjeläp oturanyň has gowudy. Jigisi jaň edensoň Soltan ýola çykmaga mejbur boldy. Daşary çykyp ulagyň aýnasyna syçran palçyklary süpürişdirip durka goňşy bina tarapdan gelýän Zöhrä gözi düşdi.
Egnine ýaglyk atynan Zöhre onuň ýanyndan geçip barýarka saklanyp:
– Gidip barýaňmy?– diýip sorady.
Soltan:
– Başlygyň ýoklugyndan peýdalanyp Mirzabada baryp geleýin– diýdi.
– Mirzabadamy?– Şeýle diýip Zöhre oýa çümdi– Wah, menem gitmelidim. Joram bir hepdeden bäri hassahanada, öýüň işlerinden sypynyp gidip bilemok, utanç boldy. Derman sargapdy, tapyp goýdum. Işiň kän bolmasa, eltip berip bilermiň?
– Dermany äkitmek maňa kyn däl. Ýöne joraňy görmek isleýän bolsaň bile gidäý!
– Gitsem gowy bolardy welin, ýöne başlykdan soramandym.
– Gidiber. Iş wagty gutarýança dolanyp geleris. Gidip-gelmäge gaty gitse iki sagat wagt gider. Ýarym sagat joraňy görmäge ýetermi? Oňa çenli menem öýe girip jigimiň haýyşyny bitirip çykaryn.
– Nähili haýyş?
– Fizikadan test soraglarynyň jogabyny taýýarlap goýupdym. Jigim bu ýyl okuwa girmeli. Egzamene men taýýarlaýan.
Zöhre az-kem ikirjiňlenip durdy, Soltan teklibini ýene gaýtalansoň, içeri girip paltosyny geýip çykdy.
3
Zöhräň jorasy penjireden daşary seredip durdy. Onuň ulagdan düşüp gelýändigini görüp "ol ýigit kim, oýnaşyňmy?" Diýip degişip sorady. Zöhre ýylgyryp, degişmä degişme bilen jogap berdi: "saňa ýaradymy, gezeniňe degýän ýigitmi?".
Ýigit barada başga hiç zat gürleşilmedi.
Zöhräniň ýitirim bolandygy bilinip, myş-myşlar ýaýransoň, jorasy şol gürrüňi ýatlady. "Degişmedik eken-da…" diýip ökündi. Ýöne muny hiç kime aýtmady.
Soltan jigisine soraglary umumy görnüşde çalt-çalt düşündirdi. Jigisi onuň tolgunýandygyny görüp:
– Howlugýaňmy?– diýip sorady.
Soltan:
– Howlugýan – diýip jogap berdi.
–Nirä?
– Bir gyzyň ýanyna– şeýle diýip ýylgyrdy. Jigisi muny degişme diýip düşünip, ol hem ýylgyrdy.
– Geljeki gelejemmi?
– Belki...
Jigisi onuň şeýle diýip uludan dem alandygyna üns bermändi. Dogany ýitirim bolup, ol barada her dürli myş-myşlar toslanansoň ýatlady. Ýöne muny hiç kime aýtmady.
4
Yzyna gaýdanlarynda ilki teker deşildi. Soltan kösenip teker çalyşdy. Soňra mator otlanar ýerde otlanmady. Soltan diňe awtoulagy sürmegi bilýärdi, onuň "keseline" düşünmeýärdi. Geline syr bildirmezlik üçin matory çokjalan boldy. Soňra kömek sorap ýoldan geçýän ulaglara el galdyryp başlady. Bular ýaly howada durup, birine kömek bermegi isleýän ynsaply adamyň tapylmagy aňsat bolmaýar.
Ulag agşamyň garaňkysynda ýola düşdi. Kalbyny howatyr eýelän Zöhre dymyp otyr, günäsini boýun alyp Soltan hem sesini çykarman otyrdy. Diňe "uly ýola çyksak, derrew ýeteris" diýip köşeşdirmekçi boldy. Ýöne şosse çykansoňlar goýy dumanyň gujagyna girip, tizligi artdyryp bilmedi.
Şähere barýan şossede gatnaw azaldy. Soltanyň ýüregi çalt-çalt urýar. Näme üçindir demi gysýar. Içini ot alyp barýan ýaly bolýar. Ulagy ýolyň çetine burup saklamak isleýär, ýöne ýene şeýtana boýun egmeýär.
Soltan ýoldan gözüni aýyranok. "Kanala az galdy. Häzir köprä ýetýäs. Ýol çepe öwürlýär..."
Soltan nyşanda ýalňyşdy. Köprä näçeräk ýol galandygyny bilip bilmän aljyrady.
Geline seretmäge bogny ysanok. Seretse edil elhençlik bolaýjak ýaly duýulýar. Zöhre henizem dymýar. Başyny aýna söýäp otyr, belki öýüne baransoň, boljak sorag-jogap barada oýlaýandyr.
Soltan ulagyň tizligini artdyrdy. Şu haýal sürüşi bilen özüni saklap bilmezligi mümkin. Özüne erk edip bilmezligi mümkin. Sag aýagy özüne boýun egenok, tormoz pedalyna basmakçy boluberýär…
Tizligi ýene-de artdyrdy.
Ulag baş-aşaklygyna gaýtdy.
"…wah köprä tarap öwürilmändirin-ä"
Soltanyň hyýalyna diňe şu pikir geldi…
Tormoz pedaly işlemedi. Ulag güýçli-güýçli silkindi.
5
Şol gün Zöhräniň öýünde çyra sönmedi. Kiçijik Nepise "eje-eje" diýip aglady, uklamady.
Ertesi güni myş-myş ýaýrady.
Şäherliler bu wakany wagt geçdigi saýy unudyp başladylar. Bahar geçip, ornuny tomusa tabşyrdy. Tomus hem geçdi. "Gaçgak"lardan habar-hatyr bolmady. Güniň gyzgyny peselip, şemal garyň ysyny getirdi. Ana şonda daýhanlar kanaly arassalamaga ýowara çykdylar. Suwy kesdiler. Kimdir biri ýokarysyny palçyk örten bir zady gördi. Seretdiler– awtoulag. Hemme şol ýere ýygnandy. Içini açdylar. Ulagyň içinde adama meňzeýän, ýöne tanamak mümkin däl iki jeset bardy.
Ulagyň belgisinden eýesiniň Soltandygy anyklandy.
6
Şäherçede ýene-de myş-myş ýaýrady.
–Jesetleri kanaldan çykypdyr...
–Gaçyp barýarkalar agdarylaýdymykalar?
–Kim bilýär…
–Pahyrlar…
Tahyr MÄLIK
Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI