Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Işsiz

Öwrenişmek ýa-da kanagatsyzlyk

1 minut alar

Näme üçin?

       Ähli zat şu sorag bilen başlap şu sorag bilen ulalýar. Häzirki wagtda näme üçin näme edýän? Sebäbini bilip maksada ýetenimden soň näme? Meselem käbir sebäpler bilen 1 million dollar pul gerek. Işledim, gazandym. Mesele çözüldimi? Ýa üýtgedimi? Ýa täze mesele geldimi? Aýdaly bir ýerde işläp ýörsüň. Ýene sabyr edip 5 ýyl işleseň jaý alarsyň we başlyk bolarsyň. Soň ýene 5 ýyl we has uly başlyk. Belki seni ähli ýurt tanar. Belki 10 million dollar puluň bolar. Soň? Bu ýagdaýa-da öwrenişersiň we has köp isläp başlarsyň. Adam tebigatyna seredilse, aşakdan ýokary galyndygyça aşak seredilmeýär. Aşak ýatdan çykýar. Aşakda kimler bilen bolanyň, kimiň kömek edeni, kime ýalbaranyň... 

        Muňa kim günäkär? Netije-de sen trillion dollarly, iň tanymal, iň abraýly, iň gowy adam bolaýaňda-da (beýle zat elbetde mümkin bolman biler, iň ýagşy adam - iň köp duşmanly adam bolmak ähtimallygy uly) ol ýagdaý seniň gözüňi doýurarmyka? Ýok. Seniň gözüňi gum doýurar. Çözgüt?

19 |
|