Halyçy
Osman Öde - Magtymguly Pyragy kitabyndan parçalar #2
3 minut alar
Tymsal -- hakykatyň obrazlaýyn umumylaşdyrylmasy. Öten nesilleriň ruhy tapyndylaryny howaýylyk ýa şuňa meňzeş zat hökmünde durşuna inkär etmek hem, ýa-da olaryň içki manysyny açmazdan, saçmazdan şol durşuna "mehaniki" kabul etmek hem ösüşi aňladyp bilmez. Aýdaly, ýokarky (mundan öňki makalanyň ahyry) rowaýat bize ýaşaýşyň, tebigatyň gelip çykyşyny we ösüşini, onuň barlyga gatnaşygynyň aýratynlyklaryny düşündirýär. Rowaýatdan görnüşi ýaly, adamda, adamyň gurluşynda metafiziki dünýä (Allah'yň rahmeti), fiziki dünýä (säheriň nury), hem-de olaryň aralygyndaky trans-fiziki dünýä (Hz.Muhammediň nury) mahsus elementlerden ybarat barlyk ýatýar.
* * *
Aýralygyň hem ýalňyzlygyň çuňňur manysy bar. Bu sosiumdan daşlaşyp, tebigata siňmegi aňladýar. Adamlardan aýra düşýärsiň, adam hökmünde ýalňyz galýarsyň. Adamlar bilen däl, gurt-guşlar, agaçlar, dag-daşlar, çöp-çalamlar bilen ysnyşýarsyň, aragatnaşyga girýärsiň. Şunuň netijesinde bolsa kalbyň täze üýtgeşikliklere hem sypatlara -- metamorfozalara eýe bolýar.
Biziň döwrüňiziň adamlary derwüş köňlüniň şu hili inçeliklerine örän gödeňsi düşünýär. Edil yşka düşen jahylyň bolşunyň sandan galan garrynyň gözüne birgeňsi görnüşi ýaly, ol heserlenmeler bize birhili bimanylyk bolup görünýär. Bu yşka düşmeg-ä beýlede dursun, oňa düşünerdenem biz has dünýeçil hem aladaçyl adamlardyrys. Biziň ruhumyzyň tebigaty başga, ol zatçyllyga hem bähbitçillige ýugrulan. Biziň köpimiz hatda jahylkagam il deňinde hem il gözüne gyzyň yşkyna düşen bolýarys. Biz bary-ýogy durmuş gurmak üçin, çaga öndürmek üçin söýüşýäris, emma munuň düýpsiz hem ägirt uly ruhy hadysa hökmündäki söýgi bilen, yşk bilen hiç hili dahylynyň ýokdugyny, munuň bary-ýogy tebigatyň we jemgyýetiň kör endikleriniň we kadalarynyň berjaý edilmesidigini görmeýäris.
Şahyryň dünýä baradaky duýgularyna düşünmek üçin ýeterlik ömür tejribesi gerek. Bu ýerde esasy zat onuň eýeleýän serhallyk (psihologik) ornudyr.,,Leýliniň gözelligini görjek bolsaň oňa Mejnunyň gözi bilen seret" diýýärler. Magtymgulynyň duýgularyny ýürekden geçirjek bolsaň, dünýäni duýuş aýratynlyklaryň boýunça oňa ýakyn bolmaly.Ýogsam ol inçe duýguly gürrüňler zeýrenç, terkidünýälik bolup eşidiler.
Ölüm ýassygynda ýatan ýa ýaňyja öz ýakynyny ýitiren adamyň ruhy ahwalatyny göz öňüne getirip görüň. Ana, şol ýagdaýda dünýä düşünmek mümkin. (,,Paýhaslanýas, hyjuwlarymyz köşeşýär, Biz ýitirip düşünýäris bu dünýä".G.Ezizow) Diýmek, bu ýerde duýgy tejribesi az hyzmat bitirenok. Adam aýry-aýry pursatlarda belli-belli hakykatlary ýüregi bilen syzýar. Dünýä diňe akyl bilen düşünip bolmaýar.
* * *
Göwün telwasy.
Tebigy islegleriň aýratyn görnüşi, oňyn görnüşleri Magtymgulynyň ruhy taglymatynda ,,köňül" diýen sözüň üsti bilen aňladylýar, häzirki türkmen dilinde bolsa muňa ,,göwün" diýilýär.
Göwni jan bilen gatyşdyrmaly däl.Jan sap biologik ýa-da dini-mifologik düşünjedir. Göwün bolsa ahlak hem-de ruh bilen baglanşykly.
Göwün ýürek bilen bir zatdyr diýip pikir etmek-de ýalňyşlykdyr. Ýürek adam bedeniniň agzasydyr, bu sözüň birinji manysy. Sözüň ikinji manysynda bolsa ýürek adamyň serhaly syzgylarynyň, hadysalaýyn duýgularynyň agzasydyr.
Ruhy hyjuwlylyk - ine, göwnüň esasy döredijilik hem aýgytlylyk sypaty. Ol sypat başyň hyýallylygyndan döreýär.
Magtymguluda göwün - adamy ruhy sanlykdan alyp çykýan, ony şahsyýete öwürýän, ony şahssyzlygyň hupbatlaryndan halas edýän ruhy düşünje manysyny berýär.
* * *
,,Oýandym ukudan, galdym düýşümden,
Haýran galdym diwananyň işinden,
Badasyn noş eýläp gitdim huşumdan,
Gam-dideden eşki-girýan getirdi".
Bu ýerde degerli bir delil -- Magtymgulynyň Bahaweddin Nagyşbendiniň elinden şerap içmegidir.
Şerap içmek -- döretmäge hukugyny hem-de döredijilik kämilligini tassyklamak.
Şerap içirmek -- ak pata bermek bolýar.
Şonuň üçinem türkmenler çyn sungaty döredijä ,,Hak'dan içen" diýip aýdýarlar.
* * *
,,Magtymguly aşyklaryň mestinde,
Hyra gözi haýran olar dostunda...
- - -
Turup, Magtymguly gözün açypdyr,
Köňlüne ne köýler gelip-geçipdir.
Hyraner dek ak köpükler saçypdyr,
,,Oglan, Allah ýaryň! Bargyl" -- diýdiler.
,,Hyra" sözi göze baglanyp gelende, gamaşan diýen manyny berýär. Emma ikinji bentde ol ,,mes", ,,däli" manylaryny berýär. ,,Hyra" sözüniň batyr diýen manysy-da bolmaly. ,,Görogly" eposyndaky Harmandäliniň asyl ady-da ,,Hyraman" bolmaly. Diýmek, onuň ady iki sany manydaş sözden durýar: Harman-däli.
Çeşme: (c) Osman Öde. Magtymguly Pyragy. Makalalar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.