Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Olaryň ýylgyrshy

5 minut alar

Özüm hä mugallym däldirin okyjylarym, yöne 2016da birje gezek 5ýashlyja chagany 3aýlyk inlis dilin den kurs beripdim(bashlangych). Has dogrysy chaga sapak bermek üchin däl de, onuň bilen wagt gechirmek üchin asyl ejesi sheyle tutupdyr meni, men bolsa soň aňýan. Ondan bäri hich chaga ne sapak berdim, ne de chaga seredip görüpdim. Chaga söygüsiniň nämedigini bilýän diýip gezmeläp ýören bendejan, asyl bilmeýän ekenim. Bilýän diýýän zatlarymyz aslynda hich bilmeýän zatlarymyz hem bolup bilermi? “Men bilýän diýmek” nähili jahyllyk, özüne göwnü ýetýän söz hää? Sheýle diýmekden uzakda tutsyn. Hichzadam bilemok ekenim.

Sentýabr aýlarynda gönüllü proýektda, down syndromely chaglar üchin 2günlik her tüýslije oýunlar görkezmek, reňkli boýaglarda suratlar chyzmak, kitap okamak, saz chalmak we encheme orunlarda ýer alypdym. Olar bilen wagt gechirmek, olara dostlyk edip bilmek, iň bärkisi ýeke duýmaýanlyklaryny görkezmek, diýseň begendirdi. 4bölekli ýumruk ýaly ýüregimde olaryň orunlary hasam aýry bolup galdy. Mähirli bakyshlary, ýylgyryshlary we olara has ýakyn boldugyňça gujaklap kichijek öpmeleri ýaňakdan beýle bagty nirde gören zadymdy.

1aý mundan ozal okuwchy okatmana bashladym inlis dili we matematikadan 6gün 2okuwchy(6ýash we 4klas),7günem 2okuwchy(ikisem 6klas). 6gündaki okadýan okuwchymyň dogany(9ýashlyja) down syndrome diyagnozy bar ekeni. Bashlarda öýüne jigsini okatmana gidýärkäm yzyma gaýtmagymy öýe girmezligimi isleýärdi. Men bolsa gapyň agzynda shok gechirip näme etjegim bilmän zynjyrlanan ýalydym. Ejesi bashda duýdurmandy “sheýle chagam bar bir zat diýse gaty görme” sheklinde. Asylam gaty görüp durmazdymam, durmadymam ýöne ilkinji günümde uly höwes bilen birzatlar ugruna, ýol boýy wagtymyň doly gechmegini diläp gidemsoň beýle ýagdaň bilen dush gelmek gaty kyn/agyr düshdii. Gözleýän zatlaryň köpsi kyn diýilýärä belkem shol, shu köprüden ätlemek bolup biler diýip ichki sesim bilen özümi kösheshdirjek boldum. Ejesi ýuwashjyk bilen sen basganchakda garash men häzir seni arka tarapdan salyp, oglumyň otagyna girer ýaly etjek diýdi. garashyp durkamam bilemok agzymda zoool ussat shahyryň goshgysyny gaýtalap özümi kösheshdirdim:

“Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat.

Käbirisi añsat. Köpüsi kyn zat.

„Añsadyn hemmeler başar“ diýdiler,

„Kynyn başarmakda iş bar“ diýdiler.

„Kyn hem bolsa,

Şudur wesýet“ diýdiler.

„Diñe kyn zat

Şol mukaddes!“ diýdiler.”

Baglanshygy barmy bilemok ýöne shonda sheýle iç gepletme bashymdan geçipdi. Kellämde ýaňkyja chagany(Kağan) özüme nädip chekmeli barada problemany chözjek bolup okadýan okuwchymdan gechipdirin. Özümi rahat duýmagym üchin ilki shol ädimi ätmelidim. Ol günden soň 2nji hepdesin de ýene gizlin sapak berdim emma meň ichim hich rahat däldi we gowy okadandyryn diýibem düshünemok, kellämde tilkiler uchushýardy. 3nji hepdesin de bulara kichijek sowgatjyk bilen barsam bashararmykam diýip synanshdym. Ýolda kichi dükana girip olaryň hersine 3sanak reňkli mashynjyklar alyp ýanyna kichi göwrümli süyt alyp gitdim:D. Süyt näme diýsenegy:D Maňa berseler menem uchardymla:D.

Okadýan okuwchym begenip gujaklap sagbolsuny aýtdy ýöne Kağandan ses chykmady. Sapak gutaranson jigsi biln getiren mashynjyklarym we öz oýunlaryny chykaryp 1–2 sagat gich chykjaklygymy aytdym ejesine, ejesi hem yok diymedi. Kağan ýanymyzda ýokdy ýöne gapydan jyklap meň gitmegimi garashyp duran ekeni. Gynandym, ýanyna ýakynlashdym emma jogap alyp bilmedim diňeje ýylgyrdy we ylgap gachyp gitdi:)). Ýylgyryshy görenime özüm hem begenip öýlerinden nädip chykanymam bilmedim:). Soňky hepdeler de bolsa eýýäm Kağan özi gapyny achyp elimi tutup otaglarynda ilki oýun oýnap soň sapak okamaly diýip kellesinde kodlapdyr. Bolsun shu hem men üchin bagtdy. Shol gün sapakdan soň ýene gich gaýtdym öýe. 2–3hepde bäri indi “görüshürüz abla gene gel tamammı” diýip gözleriniň we gülgüne dodajyklarynyň ýylgyrshyny bir shutak siz bilen hem paýlashsadym…ýolda barýakam damjalaryň dökülmegine shaýady boldum. Gechen hepde bolsa gujaklamasyna, maňa hem gujaklamagyma rugsat bermesi ýaňajygyndan kichijek öpüjügimi almasy gözü parlapjyk durdy.

Asyl bu kesel ilkinji gezek 1866-njy ýylda Iňlis alymy Jon Langdon Down tarapyndan bilinsede 100 ýyl soň 1956ýyllarda orta atylypdy. Adam öýüjüginde 46hromozoma bolup; 44sanysy (22jübit)awtozom, galan 2si zenanlarda XX we erkeklerde XY sheklinde bilinýär. Emma down syndromely adamlarda 1hromosama köplüginde umumy 47hromozomalaryň barlygy we her öýjükde goşmaça 21nji hromozomanyn barlygy çaga entek dogulmanka peýda bolyar we özündäki zyýanly täsirini durmush yörelgesinde aýrylmaz dowam edip durýar. Ýagny ene atadan gelyän genetiki näsazlyk diyip belläp gechmek mümkin. Bu melek chagalarda fiziki taýdan gijä galmagy, dash keshiplerindäki tapawutlylyklary: dodajyklarynyň üstjagazy ýa düz ýa da kenardan ýyrtylan sheklinde bolmagy, burunlarynyň kichijek(ýemshijek) shekilde, sünkleriniň gowshaklygy, barmajyklarynyň we dyrnajyklarynyň kichijek bolmasy, sheyle görnüshlerde saýgaryp bolýar. Asyl känbir tapawudymyzam ýok. Olar hatda söýmegiň we nähili duýgydashlyk gurmalydygyny bize mysal bolup durýar. Elbette shol göz bilen görüp we duýup bilýän üchin özündäki kemligini sholar bilen tamamlaýarlar.

Esasy steorotipleriň biri keselleriň käbirisi syndrome bilen baglanshykly bolup durýar. Down syndromely adamlarda has ir ýaşda demans keselini döredip bilýärler, ýürek keselleri, gan keseli, dem alyp bermekligi kynlashmasy, witamin iýmitleriniň siňdirip bilmezlikleri ýaly näsazlyklar orta chykyp bilýär. Kağan da dem alyp bermegi, öýkeninde problemasynyň barlygy, ýuwash öwrenme, immunitetinin pesligi we iýmitinde has köp problema chekýänligini gördüm. Emma chagada ene-ata söýgüsi , jigsine bolan söýgüsi her wagt olaryň söýgüsini mahrum etmejek bolup paýlashmagyny hich goýmaýar. Bu hem adam üchin uly sapaklardan birimikä diýýän. Diýishim ýaly men asyl sapak öwredemok men olardan sapak alýan! Chaga söýgüsi näme? Gorky näme? Kesel näme? Agressiwlyk näme? Söýgi näme? Ýylgyrmak näme?Duýgudashlyk gurup bilmegim ynha hemmejesini shular ýaly uly ýürekli adamlardan sapak almana çalyshýan, entegem dolmadym kem tarapym gaty kän.

Köp wagtyňyzy aldym bagyshlaň! Ýyylgyrmanam ýüzüňizden kem etmäň.

Saglykda görüsheliň.

22 |