Okamagyň zerurlygy
2 minut alar
Çagalygymda okan fantastiki kitaplarymda, okamak köplenç has netijeli bilim almak usuly bilen çalşyrylýardy. Syrly "lentalar" bilimleri adamyň beýnisine kompýutere programma ýükleýän ýaly ýükleýärdi.
Bu hili zat ýakyn wagtda bolup biljek zat däl. Diňe bir okamagyň ornuny tutjak zady döretmegiň kyn boljakdygy üçin däl-de, eýsem hatda şeýle zat bar hem bolan bolsa, ol ýeterlik bolmazdy. X barada okamak diňe x barada öwretmän, ol eýsem nähili ýazmalydygyny hem öwredýär. [1]
Bu wajyp bolarmy? Eger biz okamagyň ornuny çalyşsak, kimdir biriniň ýazmakda ökde bolmagy gerek bolarmy?
Munuň wajyp bolmagynyň sebäbi, ýazmak diňe bir pikirleri beýan etmegiň usuly däl-de, eýsem olary emele getirmegiň hem usulydyr.
Oňat ýazyjy diňe bir pikirlenip, soňra öz pikirlerini sesi ýazga geçirýän ýaly görnüşde bir ýere ýazyp goýmaýar. Oňat ýazyjy hemişe diýen ýaly ýazmak prosesinde täze zatlary açýar/tapýar. Meniň bilşime görä, bu görnüşdäki açyşlaryň ýerini tutup biljek hiç bir zat ýok. Öz pikirleriňi beýleki adamlar bilen ara alyp maslahatlaşmak olary özleşdirmegiň gowy usulydyr. Emma muny edendenem soň, ýazmaga oturanyňda täze zatlary açjakdygyňy görersiň. Diňe ýazmak arkaly edilip bilinjek pikir ediş görnüşi bar.
Elbetde, ýazman edilip bilinjek pikir ediş görnüşleri hem bar. Eger meselä gaty çuňňur girmeli bolmasa, ony ýazman hem çözüp bilersiň. Iki sany maşyn böleginiň nähili biri-biri bilen gabat gelip işlemelidigi barada oýlanyp otyrsaň, bu barada ýazmak kän kömek etmez. Mesele formal taýdan beýan edilip bilnende, ony käwagt öz kelläňde çözüp bilersiň.
Emma çylşyrymly, anyk kesgitlenmedik meseläni çözmeli bolsaň, ol barada ýazmak hemişe diýen ýaly kömek eder. Bu bolsa, öz gezeginde, ýazmakda ökde däl adamyň şeýle meseleleri çözmekde hemişe kem-kemterlikde boljagyny aňladýar.
Gowy ýazman gowy pikir edip bilmersiň, we gowy okaman gowy ýazyp bilmersiň. Bu ýerdäki soňky "gowy" sözüni iki manyda hem aýdýaryn. Sen "okamakda ökde" bolmaly, we gowy zatlary okamaly. [2]
Diňe maglumat isleýän adamlar ony almagyň başga ýollaryny tapyp bilerler. Emma pikirlere eýe bolmak isleýän adamlar muny başga usulda edip bilmezler.
Bellikler
[1] Audiokitaplar size gowy ýazuwyň mysallaryny berip biler, ýöne olaryň size okap berilmegi, olary özüňiz okanyňyzdaky ýaly ýazmak barada köp zat öwretmez.
[2] "Okamakda ökde" diýmek bilen men okamagyň mehanikasyna gowy bolmagy göz öňünde tutmaýaryn. Sahypadan sözleri çykarmakda däl-de, sözlerden many çykarmakda gowy bolmaly.
Bu makala Paul Grahamyň "The Need To Read" makalasynyň terjimesidir.