Mugallym, manager
NUR SAÇMAK
2 minut alar
Firmanyň eýesi garry bir adam hassa bolupdy. Indi günleriniň salgydygyny duýýardy. Garry adamyň üç ogly bardy. Ogullaryny ýanyna çagyrdy. Olara indi garrylygyndan işiň başynda durmagyna päsgel berýändiginden aýtdy. Geljek bilen baglanyşykly ogullaryna öwüt-ündew berdi. “Üçüňizde meniň çagalarym, ogullarymsyňyz. ” diýdi. “Içiňizden haýsyňyzyň firmamyzyň başyna geçmeli, muňa karar bermek örän kyn. Men ölemden soň hem gatnaşygyňyzyň bulaşmagany islämok. Şol sebäpden siziň haýsyňyzyň işe mynsypdygyňyzy bilmek üçin sizi synaga salmaga karar berdim. Üçüňizide 100 manat berjek. Häzir gidip diňe şu ýüz manat bilen şeýle bir zat alyň, agşam öýe geleňizde bu otagy bir burçdan beýleki burça çenli doldurmaly. Bu diýenimi kim edip bilse, işleriň başynda durar ” Çagalar kakalarynyň ýanyndan gaýtdylar we her biri dürli ýola çykyp kakalarynyň islegini durmuşa geçirmäge başladylar. Agşam yzyna gelenlerinde kakalary “Balalarym, ýüz manat bilen näme aldyňyz?” diýip sorady. Uly ogly: “Bir dosdumyň ekin ýerine gitdim. Ýüz manat berdim we ondan iki top saman aldym.” diýip jogap berdi. Soňundan hem otagdan daşary çykyp getiren samanlary içerik saldy we haltany açanda, samany howa zyňyp başlady. Otagyň hemme ýeri saman boldy. Ýöne azyjyk wagtdan soňra samanlaryň hemmesi ýere düşüp, uly ogly kakasynyň islegini kanagatlandyrmadygy görüldi. Garry adam ondan soňra ortanjy ogluna seredip, “Onsaň oglum, sen puluň bilen näme etdiň?” diýip sorady. Ortanjy ogly: “Ýorgan tikýäniň ýanyna bardym. Ondan ýüz manatlyk guş ýelegini aldym.” diýip jogap berdi. Yzyndan haltasyny içerik salyp içindäki hemme ýelekleri howa ýaýradyp başlady. Bir-iki minutlyk otagyň hemme ýeri ýelekden doldy, emma saman ýaly ýeleklerem ýuwaş-ýuwaşdan ýere gaçdy we şeýlelik bilen bu çaga hem otagyň içini doldurup bilmedi. Gezek körpe çaga gelipdi. Ýarawsuz ýagdaýda ýatan ýerinden ýuwaşlyk bilen galdy-da, “Sen balam, puluňy näme etdiň?” diýip sorady. Körpe ogul: “Ilki bilen kiçi bir dükana gitdim. Ýüz dükanyň eýesine berip, ondan puly bölmegini isledim. Soňra elli manady haýyr-sahawat toparynyň gutusyna atdym, kyrk manat bilen ýolda gören iki mätäje iýer-içer ýaly zat aldym, galan on manat bilen iki zat aldym.” Körpe ogul muny diýip-diýmän elini jübüsine sokup bir çakmak we bir şem çykardy. Otagyň çyrasyny öçürip, şemi ýakanda otagyň içi şemi ýagtylygy bilen doldy. Ýüz manatlyk saman we ýelek otagy dolduryp bilmedi, emma on manatlyk şem we çakmak tutuş otagy bir çetden beýleki çete nur bilen dolupdy. Garry adam kanagatlanarly ýüz keşbi bilen “Diýseň gowy oglum!” diýdi. “Menden soň işleriň başynda sen bolarsyň. Sebäbi durmuşa degişli gaty möhüm bir zady nuruňy saçmagy öwrenipsiň” diýip ak pata berdi.